Germaniýanyň dynç alýan ýolagçylary gatnadýan awiakompaniýasy bolan “Condor”-yň paýnamalarynyň köp bölegine eýeçilik edýän “Attestor” ýene bir awiakompaniýa esaslandyrýar. “Marabu” atly täze awiakompaniýa dynç almaga gidýänlere hyzmat eder. Täze awiakompaniýanyň esaslandyrylmagynyň ýurduň awiasiýa pudagynyň has-da ösmegine itergi berjekdigi bellenilýär. Täze awiakompaniýa bu ugurda tejribeli adamlar ýolbaşçy edilip bellendi.

“Marabu”-nyň awiaparkynda 6 sany “Airbus A320” uçary bar. Awiakompaniýasynyň howa gämileri Mýunih we Gamburg şäherlerindäki aeroportlardan orta uzaklykdaky 20 şähere uçar. Olaryň arasynda Müsür, Gresiýa, Italiýa, Horwatiýa, Portugaliýa we Ispaniýa ýaly ýurtlaryň howa menzilleri bar.

Şahla Ruslanowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby