Saud Arabystany Patyşalygy syýahatçylyk pudagyny ösdürmek maksady bilen üç sany täze awiakompaniýa döretmegi meýilleşdirýär. Ýurtda häzirki wagtda «Saudia», «Riyadh Air», «Flynas» we «Flyadeal» awiakompaniýalary bar. Patyşalyk 2030-njy ýyla çenli 150 million syýahatçyny kabul etmegi maksat edinýär. Täze esaslandyryljak awiakompaniýalaryň biriniň merkezi Ed-Dammam şäherinde ýerleşip, arzan bahaly hyzmatlary hödürlär. Täze guruljak awiakompaniýa 2030-njy ýyldan başlap, Patyşa Fahdyň adyny göterýän aeroportdan 24 ýerli we 57 daşary ýurt şäherlerine uçuşlary amala aşyrar. Ýene bir awiakompaniýa Medine şäherinde esaslandyrylyp, mukaddes ýerlere barjak zyýaratçylara hyzmat etmäge ýöriteleşer.
Ogulsapar HOJAMMEDOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
PDF









