Täze binalar howany hapalamaz

81

Ýew­ro­pa Par­la­men­ti Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za ýurt­lar­da 2028-nji ýyl­dan baş­lap, bi­na­lar­da ho­wa goý­be­ril­ýän zy­ýan­ly ga­zy do­lu­ly­gy­na ara­dan aýyr­ma­gy mak­sat edin­ýär. Fran­si­ýa­nyň Straz­burg şä­he­rin­dä­ki Ýew­ro­pa par­la­men­ti­niň Baş As­samb­le­ýa­syn­da bi­na­la­ryň ener­gi­ýa ne­ti­je­li­li­gi­ne de­giş­li ka­nun­la­ra gi­ri­zil­jek üýt­geş­me­le­re ga­ral­dy. De­pu­tat­lar ener­gi­ýa öw­rü­li­şi­gi­ni çalt­laş­dyr­ma­gy, ener­gi­ýa­nyň sarp edi­li­şi­ni azalt­ma­gy we ýy­la­dyş­ha­na gaz­la­ry­nyň goý­be­ri­li­şi­ni azalt­mak dur­mu­şa ge­çi­ril­jek öňü­ni alyş çä­re­le­ri­ni mas­la­hat­laş­mak üçin ag­za ýurt­lar bi­len ge­çi­ril­jek gep­le­şik­le­re ba­ra­da pi­kir alyş­dy­lar. Şeý­le hem mu­nuň bi­len bag­ly res­mi­na­ma­ny tas­syk­la­dy­lar. Res­mi­na­ma­da 2028-nji ýyl­dan baş­lap, ag­za ýurt­lar­da­ky bi­na­lar­da zy­ýan­ly ga­zyň ho­wa goý­be­ril­me­gi­niň öňü­niň alyn­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar.
Döw­let eda­ra­la­ry­na de­giş­li bi­na­lar­da bol­sa bu düz­gü­niň 2026-njy ýyl­dan baş­lap ýo­la go­ýul­ma­gy bel­le­nil­ýär. 2028-nji ýyl­da çen­li teh­ni­ki we yk­dy­sa­dy taý­dan amat­ly bo­lan tä­ze bi­na­lar­da Gün ener­gi­ýa teh­no­lo­gi­ýa­sy otur­dy­lar.
Uly abat­la­ýyş iş­le­ri ge­çi­ri­len jaý­lar bol­sa, 2032-nji ýy­la çen­li Gün pa­nel­le­ri otur­dyl­ma­ly bo­lar.
Mak­sat­na­ma­da ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň 2030-njy ýy­la çen­li “E” ener­gi­ýa syn­py­na, 2033-nji ýy­la çen­li “D” ener­gi­ýa syn­py­na ge­çi­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar.
Ag­za ýurt­lar bu mak­sat­la­ra ýet­mek üçin mil­li mak­sat­na­ma taý­ýar­la­ma­ly bo­lar­lar.

Sa­par­my­rat Ese­now, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.