Soň­ky ýyl­lar­da tu­tuş ýur­du­myz­da giň möç­ber­li öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­sy­nyň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de şä­her­le­riň we oba­la­ryň keş­bi has-da öz­ger­di. Şun­da adam­la­ryň amat­ly ýa­şaý­şy­ny we göw­ne­jaý dynç al­şy­ny üp­jün ed­ýän şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne uly üns be­ril­ýär. Hormatly Prezidentimiz: «Biz Türk­me­nis­tan at­ly be­ýik döw­let­de, pa­ra­hat we aras­sa as­ma­nyň as­tyn­da, uzak hem-de bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­ly­dy­rys, aba­dan we gül ýa­ly dur­mu­şy­my­za buý­san­ma­ly­dy­rys» di­ýip bel­le­mek bi­len, Di­ýa­ry­my­zyň äh­li se­biti­niň bat­ly dep­gin­ler bi­len ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­sy­nyň oňyn ne­ti­je­le­ri­ni Ahal we­la­ýa­ty­nyň çä­gin­de gu­rul­ýan we­la­ýa­tyň tä­ze, döw­re­bap do­lan­dy­ryş mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gyn­da hem gör­mek bol­ýar.
Gur­lu­şy­gy güýç­li dep­gin­de al­nyp ba­ryl­ýan we­la­ýa­tyň tä­ze eda­ra ediş mer­ke­zi Gahryman Arkadagymyzyň baş­lan­gy­jy, Arkadagly Serdarymyzyň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan iri gur­lu­şyk tas­la­ma­sy­dyr. 2019-njy ýy­lyň ýa­zyn­da gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga ber­len tä­ze şä­he­riň baş me­ýil­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, bu gö­zel kün­jek­de dür­li mak­sat­ly des­ga­lar, şol san­da we­la­ýat hä­kim­li­gi­niň, we­la­ýat de­re­je­sin­dä­ki eda­ra­dyr gu­ra­ma­la­ryň bi­na­la­ry, me­de­ni­ýet, sag­ly­gy go­ra­ýyş, sport top­lum­la­ry­na de­giş­li des­ga­la­ryň, bi­lim-ter­bi­ýe­çi­lik ojak­la­ry­nyň aja­ýyp bi­na­la­ry, 2, 5, 7, 9 gat­ly ka­şaň ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň we beý­le­ki des­ga­la­ryň en­çe­me­si gu­rul­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 10-njy sent­ýabr­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zin­de bo­lup, gur­lu­şyk iş­le­ri­niň ýag­da­ýy bi­len ta­nyş­ma­gy we ol ýer­de ge­çi­ren Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň göç­me mej­li­si­niň bar­şyn­da «Ahal we­la­ýa­ty­nyň mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň me­se­le­le­ri ha­kyn­da», «Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň şä­he­ri­niň hä­kim­li­gi­niň me­se­le­le­ri ha­kyn­da», «Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zin­de gu­rul­ýan ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň me­se­le­le­ri ha­kyn­da» de­giş­li Ka­rar­la­ra gol çek­me­gi hem tä­ze nus­ga­lyk şä­he­riň me­se­le­le­ri­ni çalt çöz­me­giň ýo­lun­da mö­hüm ädim bol­dy.
Tä­ze we­la­ýat mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gyn­da ýur­du­my­zyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry iş alyp bar­ýar­lar. «Nu­saý ýol­la­ry», «My­ra­dym», «Be­ýik bi­na», «Aja­ýyp gur­lu­şyk», «Us­sat in­že­ner», «We­li gur­lu­şyk», «Ak­tab» hu­su­sy kär­ha­na­la­ry, «Berk ýol», «Al­tyn», «Gu­jur­ly bi­na­gär», «Dost gur­lu­şyk, söw­da, önüm­çi­lik» ho­ja­lyk jem­gy­ýet­le­ri ta­ra­pyn­dan al­nyp ba­ryl­ýan gur­lu­şyk iş­le­ri ýo­ka­ry hil­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.
Se­bit­de iň iri we ägirt uly äh­mi­ýe­ti bo­lan bu tas­la­ma­ny iki tap­gyr­da dur­mu­şa ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­di. Şä­her dü­zü­mi dur­muş we beý­le­ki mak­sat­ly des­ga­la­ryň top­lu­my­ny özün­de jem­le­ýär. Ola­ryň ha­ta­ryn­da ýa­şa­ýyş jaý­la­ry, ça­ga­lar bag­la­ry, mek­dep­ler we beý­le­ki ýö­ri­te­leş­di­ri­len okuw mekdepleri, sag­ly­gy go­ra­ýyş, me­de­ni­ýet, söw­da we hyz­mat­lar ul­ga­my­na de­giş­li eda­ra­lar, sport des­ga­la­ry, eda­ra bi­na­la­ry, şeý­le hem ulag-ara­gat­na­şyk we in­že­ner­çi­lik-teh­ni­ki ul­gam­la­ra de­giş­li des­ga­lar bar. Tä­ze we­la­ýat mer­ke­zin­de san­ly ul­gam hem-de öň­de­ba­ry­jy mag­lu­mat-kom­mu­ni­ka­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­sy or­naş­dy­ryl­ýar.
Bu ägirt uly tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de bu ýer­de Döw­let sir­ki, Hal­ka­ra at­çy­lyk ýo­ka­ry okuw mek­de­bi, at­çy­lyk yl­my-önüm­çi­lik mer­ke­zi, söw­da we dynç alyş mer­ke­zi, we­la­ýat Sag­ly­gy go­ra­ýyş mü­dir­li­gi­niň eda­ra bi­na­sy, 360 orun­lyk kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na, 150 orun­lyk on­ko­lo­gi­ýa mer­ke­zi, 150 orun­lyk enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­ýyş hem-de «Tiz kö­mek» mer­kez­le­ri ýa­ly dur­muş mak­sat­ly bi­na­la­ryň hem en­çe­me­si gu­rul­ýar.

Mu­ham­met­ber­di AN­NA­BER­DI­ÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.