9-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde täze, döwrebap Döwletli mekan obasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Ol Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda welaýatyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgat boldy.
Dabara ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, welaýat we etrap halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Welaýatyň sungat ussatlarynyň bu ýerde ýaýbaňlandyrylan çykyşlary dabara gatnaşyjylaryň toý şatlygyny belende göterdi.
Soňra döwlet Baştutanymyzyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde täze, döwrebap Döwletli mekan obasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir raýaty türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň dowamy bolan «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen syýasatymyzyň iş ýüzünde amala aşyrylýandygyny öz durmuşynda görýär. Baýramçylyk günlerinde ulanmaga berilýän täze, döwrebap obalary, şäherçäni, durmuş maksatly binalary synlamaga göz gerek. Halkara ölçeglere laýyk gelýän şeýle gurluşyk taslamalarynyň türkmen gurluşykçylarynyň güýji bilen ýerine ýetirilýändigi aýratyn buýsandyryjydyr.
Dabaranyň dowamynda çykyş edenler döwrebap obanyň açylyp ulanmaga berilmeginiň welaýatyň ýaşaýjylary üçin ýatdan çykmajak waka öwrülendigini belläp, halkymyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Soňra dabara gatnaşyjylar täze Döwletli mekan obasynda döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdylar.
Täze oba 400 sany ýaşaýyş jaýyny, geňeşligiň edara binasyny, saglyk öýüni, 640 orunlyk orta mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny, söwda merkezini özünde jemleýär. Bu ýerde döwrebap ýol-ulag, aragatnaşyk, suw, elektrik, gaz üpjünçilik hem-de lagym ulgamlary göz öňünde tutulypdyr. Giň we yşyklandyryş ulgamy çekilen awtomobil ýollarynyň ugrunda gök zolaklaryň, ýörite seýilgähiň döredilmegi taslamanyň durmuşa geçirilişine hemmetaraplaýyn, şol sanda ekologik abadançylyk nukdaýnazaryndan oýlanyşykly çemeleşilendigini görkezýär.
Soňra dabara gatnaşyjylar döwrebap öýlerde döredilen amatly şertler bilen tanyşdylar. Öýleriň taslamasy düzülende, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş aýratynlyklary we zerurlyklary göz öňünde tutulypdyr. Her öýüň howlusynda mellek ýerleri, şol sanda hojalyk zerurlyklary üçin telärler, awtoulag üçin ýörite ýer hem-de inženerçilik-tehniki düzümler döredilipdir.
Döwrebap Döwletli mekan obasyna göçüp baran bagtyýar maşgalalar ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy ugrunda edýän yzygiderli tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.