Angliýada ýurduň täze hökümdary Patyşa Karl III şekili ýerleşdirilen şaýy pullar zikgelendi. Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizaweta II şu ýylyň 2-nji sentýabrynda aradan çykandan soňra onuň ýerine ogly Karl III geçipdi. Angliýanyň Patyşalyk zikgehanasy täze hökümdaryň şekili ýerleşdirilen ilkinji şaýy pullary taýýarlady. Täze pullaryň 9,6 million sanysy dekabrda dolanyşyga goýberiler.
Şaýy puluň bir ýüzünde Patyşa Karl III portreti we onuň daşynda latynça “CHARLES III. D.G. REX. F. D. 5 Pound. 2022” (Hudaýyň keremi bilen Patyşa III. Karl ynanjyň goragçysy) sözleri ýerleşdirilipdir.
Däbe görä, her täze hökümdaryň şekili pula ýerleşdirilende, onuň ýüzüniň bakýan tarapy üýtgedilýär. Şol sebäpli Patyşa Karl III portreti çepe seredýär.
Şaýy puluň beýleki tarapynda 1953-nji ýylda Şa zenany II Ýelizaweta tagta çykanda taýýarlanan dizaýn üýtgedilmändir.
Aýgözel Öwezowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby
PDF









