Ýer ýü­zün­de her ýe­riň özü­ne mah­sus te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry, fau­na we flo­ra dün­ýä­si bar. Te­bi­ga­ty bi­len gö­ren­le­ri haý­ran ed­ýän ýurtlaryň bi­ri hem Tä­ze Ze­lan­di­ýa bo­lup, bu ýer­de jan­ly-jan­dar­la­ryň beý­le­ki ýer­ler­de duş gel­me­ýän, ýag­ny en­de­mik gör­nü­şi­niň bir­nä­çe­si bar. Bu­la­ra ki­wi, ta­ka­he guş­la­ry­ny, ke­re­ru kep­de­ri­si­ni, ka­ka to­ty­ny, tua­ta­ra süý­re­ni­ji­si­ni, eels ýy­lan­ba­ly­gy­ny my­sal ge­tir­mek bo­lar. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da sizi Tä­ze Ze­lan­di­ýa­daky seý­rek duş gel­ýän guş­la­r bi­len ta­nyş­dyr­ma­gy ma­kul bil­dik.

Ta­ka­he. Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň Gü­nor­ta ada­syn­da­ky Fiord­land jül­ge­si­niň ady­bir mil­li se­ýil­gä­hin­de ýa­şa­ýan ta­ka­he uçup bil­me­ýän iň uly guş ha­sap­lan­ýar. Gy­zyl ke­keç­li, açyk gyr­my­zy çüňk­li, ýal­pyl­da­wuk gö­güm­til-ýa­şyl ýe­lek­li bu guş­la­ryň je­mi 500 tö­we­re­gi­niň bar­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Ta­ka­he­niň bo­ýy 63 san­ti­metr, ag­ra­my or­ta­ça 3 ki­log­ram bol­ýar. 18 ýyl tö­we­re­gi ýa­şa­ýan bu guş­lar uçup bil­me­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, gys­ga we çe­ýe aýak­la­ry bi­len bir met­re çen­li be­ýik­li­ge bö­küp bil­ýär­ler. Bu guş­lar bi­ri-bi­ri bi­len ha­bar­laş­mak üçin jaň­ly se­si­ni ulan­ýar­lar. Ta­ka­he mil­li de­re­je­de go­ral­ýan guş­la­ryň bi­ri­dir.
Ko­ka­ko. Ýa­kym­ly «aý­dy­my» bi­len ta­pa­wut­lan­ýan ko­ka­ko­lar Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň De­mir­ga­zyk ada­syn­da ýa­şa­ýar­lar. Gö­güm­til-çal ýe­lek­li bu guş­la­ryň bo­kur­da­gyn­da­ky gök gys­gy­jy ola­ryň se­si­niň owa­dan we ýi­ti çyk­ma­gy­na kö­mek ed­ýär. Ko­ka­ko­lar mä­ki­ýan­la­ry bi­len bi­le­lik­de ge­zek­li-ge­ze­gi­ne (du­et) saý­raş­ýar­lar. Ola­ryň in­çe­den uzyn aýak­la­ry, eg­re­lip du­ran guý­ru­gy bo­lup, seý­rek ýag­daý­da 100 met­re çen­li ara­ly­ga uç­ýar­lar. Köp­lenç agaç­la­ryň de­pe­sin­de «aý­dym aýd­ýan» ko­ka­ko­lar ilat­ly ýer­ler­de zy­ýan­keş­le­re gar­şy gö­reş­mek­de uly ýar­dam ed­ýär­ler. Hä­zir­ki wagt­da bu guş­la­ryň üç ýüz­den gow­rak jü­bü­ti­niň bar­dy­gy çak­la­nyl­ýar.
Ke­re­ru. Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň meş­hur guş­la­ry­nyň bi­ri bo­lan ke­re­ru kep­de­ri­si to­kaý­da, şä­her we oba ýer­le­rin­de ýa­şa­ýar. Kel­le­sin­den dö­şü­ne çen­li gö­güm­til-ýa­şyl, ga­nat­la­ry gö­güm­til-gyr­my­zy, göw­re­si­niň köp bö­le­gi ak ýe­lek­li bu guş­la­ryň esa­sy me­ka­ny Ça­tem ada­la­ry ha­sap­lan­ýar. Ke­re­ru ýurt­da iň köp ýaý­ran guş bo­lup, her to­par 50-100 tö­we­re­gi guş­dan dü­zül­ýär. Zy­ýan­keş­le­re gar­şy gö­reş­de esa­sy kö­mek­çi­ler bo­lan bu guş­lar agaç­la­ryň pyn­ty­gy, ot­lar, gül­ler hem-de mi­we­dir kö­me­lek­ler bi­len iý­mit­len­ýär­ler.
We­ka uçup bil­me­ýän guş­la­ryň bi­ri bo­lup, beý­le­ki­ler­den ugur­ta­py­jy­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň ada­la­ry­nyň bir­nä­çe­sin­de duş gel­ýän bu guş­lar, esa­san, go­ňur reňk­de bol­ýar. Daş­ky gör­nü­şi ör­de­ge meň­zeş bo­lup, to­kaý­lar­da, ke­nar ýa­ka­lar­da ýa­şa­­ýan we­ka bir ki­lo­met­re çen­li ara­ly­ga ýüz­mä­ge ukyp­ly­dyr. Ola­ryň esa­sy iý­mi­ti ot bo­lup, oňur­ga­syz jan­dar­lar, mi­we­dir ýu­murt­ga bi­len hem iý­mit­len­ýär­ler.
Tui owa­dan­ly­gy bi­len ta­pa­wut­la­nyp, onuň go­ňur, gö­güm­til-mä­mi­şi ýe­lek­le­ri, ýeň­se­sin­den boý­nu­na ta­rap se­çe­le­nip du­ran per­le­ri we al­ky­myn­da ak «gals­tu­gy» bar. Kä­bi­ri­niň maň­la­ýyn­da hüž­že­rip du­ran sa­ry ýe­lek­le­ri hem bolýar. Uçup bar­ýan wag­ty uly gy­ky­lyk ed­ýän bu guş­la­ryň esa­sy bö­le­gi Ker­ma­dek, Ok­lend, De­mir­ga­zyk, Gü­nor­ta we Stýuart ada­la­ryn­da­ky to­kaý­lar­da, de­ňiz ke­nar­la­ryn­da ýa­şa­ýar. Gy­rym­sy agaç­lar­da hö­würt­ge­le­ýän, gül­le­riň nek­ta­ry bi­len iý­mit­len­ýän tui­ler «süý­ji iý­mi­ti­ni» göz­läp tap­mak üçin 10 ki­lo­met­re çen­li ýol geç­ýär­ler.
Ka­ka. Gör­män­käň uzak­dan se­si eşi­dil­ýän bu guş «ka-a-ka-a-a» se­si bi­len ta­nal­ýar. Ul­la­kan kel­le­li, aý­law­ly çüňk­li, goň­rum­tyl-gy­zyl ýe­lek­li, ak me­nek­le­ri bo­lan to­tynyň bu gör­nü­şi Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň ada to­kaý­la­ryn­da ýa­şa­ýar. Ka­ka köp ba­bat­da ýa­şy­lym­tyl-gy­zyl ýe­lek­li kea hem meň­ze­ýär. Ýö­ne kea­lar di­ňe Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň Gü­nor­ta ada­syn­da ýa­şa­ýar. Hä­zir­ki wagt­da ka­ka to­tulary­nyň 10 müň tö­we­re­gi­niň bar­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Haý­wa­nat bag­la­ry­na be­zeg ber­ýän bu guş­lar gül­le­riň nek­ta­ry, agaç­da­ky gur­çuk­lar, mi­we­dir go­za­lar bi­len iý­mit­len­ýär­ler.
Pi­wa­ka­wa­ka. Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň «fan­tai­li» di­ýip at­lan­dy­ryl­ýan bu ki­çi­jik guş ýel­pe­waç şe­kil­li guý­ru­gy bi­len ün­si özü­ne çek­ýär. Gy­rym­sy agaç­la­ryň şa­ha­la­ryn­da «bök­jek­leş­ýän» bu guş­lar, esa­san, Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň Gü­nor­ta ada­syn­da duş gel­ýär. Pi­wa­ka­wa­ka so­wu­ga çy­dam­syz bo­lup, ada­nyň iň ki­çi gu­şy ha­sap­lan­ýar. Boý­nun­da, gö­zü­niň ýo­kar­syn­da ak me­nek­le­ri bo­lan bu guş ser­çä ça­lym ed­ýär. Olar çy­byn, tom­zak we möý ýa­ly mör-mö­jek­ler bi­len iý­mit­len­ýär­ler.