Tbilisiniň golaýyndaky Waziani şäherçesinde ýerleşýän täze halkara howa menzili ilkinji ýolagçylaryny 2031-nji ýyldan soň kabul eder. Bu barada Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidze 27-nji iýunda ýurduň parlamentinde eden çykyşynda aýtdy.
Aeroport öňki harby howa meýdançasynyň ýerinde gurlar. Onuň geçiriş kuwwaty ýylda 18 million ýolagçy bolar, bu häzirki Tbilisi howa menzilinden 4,5 esse köp. Taslama maýa goýumlarynyň mukdary 1,3 milliard dollar diýlip bahalanýar.