Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmenistanyň teatrlarynda täze teatr möwsümi açylar. Paýtagtymyzyň sahnalary tomaşaçylary taryhy eserleri görmäge çagyrýar.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry «Şükür bagşy» spektaklyny görkezer.
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Pursat» spektaklynyň görkezilişi bolar.
Mollanepes adyndaky talyplar teatry «Ene sargydy» spektaklyny görkezer.
A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry möwsümi «Ene» atly sahna eseri bilen açar.
Türkmen döwlet gurjak teatry körpe janköýerlerini «Mährem ene» diýen spektakly bilen garşylar.
Spektakllaryň görkezilişi 1-nji sentýabrda 19:00-da bolar.
Möwsümiň açylmagyna welaýatlaryň teatrlarynyň döredijilik toparlary hem taýýarlanýarlar.
Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry «Baýram han türkmen» atly spektaklynyň täze görnüşiniň üstünde işleýär. Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda bolsa «Şyrak» spektaklynyň ilkinji gezek görkezilmegine taýýarlanýar.