Golaýda Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komiteti bilen bilelikde Lebap welaýat kitaphanasynda pasyllar soltany baharyň gelmegi mynasybetli “Tebigat gözellikler hazynasydyr” ady bilen maslahat geçirdi. Maslahata Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň, Repetek biosfera goraghanasynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary, mugallymlary, dilleri senaly aksakgal gojalarymyz şeýle-de Lebap welaýat kitaphanasynyň işgärleri gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiň hünärmeni Nasiba Durdybaýewanyň, Lebap welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri Akjemal Dosyýewanyň, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary Merdan Jumaýewiň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat Agrosenagat orta okuw mekdebiniň mugallymy Leýla Jumaýewanyň eden çykyşlary, şeýle-de gaýtalanmajak gözelligi, çydamlylygy, wepadarlygy bilen tanalýan, behişdi bedewlerimize goýulýan sarpadan nyşan bolup, ilimize dolan Bedew ýylynyň aýratynlyklary dogrusynda edilen çykyşlar maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Maslahata gatnaşyjylar Lebap welaýat kitaphanasynyň gaznasynda saklanylýan kitaplar we olaryň saklanylyşy bilen, şeýle-de kitaphananyň bölümleri bilen ýakyndan tanyşdylar.
Maslahatyň esasy maksady tebigatyň gözellik hazynasydygyny subut edýän pasyllar soltany hasaplanylýan baharyň ynsan kalplaryna edýän täsirini, ynamly gadamlar bilen girişilen “Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at- myradyň mekany” ýylynyň aýratynlyklaryny wasp etmekden ybarat boldy.
Goý, Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmaklarynda gülläp, gül açýan Watanymyz ekologiýa taýdan arassa, bagy-bossanly mekan höküminde dünýäde meşhurlygy eýe bolsun.

Merdan Jumaýew, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümiň başlygyň orunbasary.