Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde ülkämiziň tebigatyny, haýwanat we ösümlik dünýäsini wasp edýän ençeme goşgulary bar. Emma onuň diwanynda syrly setirler, goşgularynda käbir jandarlaryň ýa-da ösümlikleriň atlary häzirki atlaryna gabat gelmeýär.
Orta asyr alymlary hem-de edebiýatçylary örän kitap söýüji bolup, dürli ylymlar bilen gyzyklanypdyrlar. Şol döwürlerde olar öz kitaplaryny türki dillerinde ýazman, hemmeler tarapyndan kabul edilen arap ýa-da pars dillerinde ýazypdyrlar. Bu ýagdaýy ХХ asyrda bütin dünýäde agdyklyk edýän iňlis diliniň milletara aragatnaşyk saklamak üçin ulanylmagy bilen ýa-da ondan öň fransuz dilini ulanmagy bilen deňeşdirip bolar.
ХVIII asyrda musulman dünýäsinde çapçylyk döreýär. Şol döwürde kitaplary türki, arap, we pars dilinde çap edipdirler, sebäbi gündogar ýurtlarynyň köp ýaşaýjylaryna bu üç dil düşnükli bolupdyr. Şonuň üçin Magtymguly Pyragynyň goşgularynda Merkezi Aziýada ýaşaýan dürli milletleriň sözlerine duşmak bolýar.
Magtymgulynyň “Şal tapsa” atly goşgusynda şeýle setirler bar:
Jan howlundan bolar akyly haýran,
Ýylan kişmir görse, ütelgi – taýran.
Bu setirleriň başga nusgasy hem bar:
Ýylan kişmir görse, öler bigüman.
Töweregini gurşap alan tebigata görä öz reňkini üýtgedip bilýän, köplenç üzümçilikde gezýän uly kelleli, örän dogumly, aw üçin niýetlenen öň aýaklary hatara çişler bilen örtülen çekirtgä meňzeş bu mör-möjejige edebi dilde hudaýaty diýilýär. Il içinde onuň ýene ençeme ady bar: atbakar, düýebakar, bişikji, ýylangözçykaryjy we ş.m. Magtymguly onuň adyny kişmir görnüşinde ulanypdyr. Hudaýatynyň rusça ady “bogomol” – «hudaýa doga okaýan», latynça “Mantus religiosa” diýen ylmy ady hem «dindar» ýa-da «doga okaýan» diýmekdir. Bu atlaryň ählisi hudaýatynyň haýsydyr bir aýratynlygy bilen bagly dakylypdyr. Soltanşa Atanyýazowyň “Türkmen diliniň etimologik sözlüginde kişmir sözüni täjikleriň küştmar «ýylan öldüriji» sözünden gelip çykýandygyny düşündirýär. Magtymgulynyň goşgularyndan alnan setirler hem muny tassyklaýar. Üstesine, bu möjejigiň ýylangözçykaryjy diýen ady ýylanyň ondan ýöne ýere gorkmaýandygyna güwä geçýär. Bu adyň ýüze çykyşy şeýle. Agaçlaryň üstünde ýa-da jaýlaryň pürslerine ýelmenip edilen guş höwürtgelerindäki ýumurtgalary ýa-da jüýjeleri iýmek üçin ýylan geliberse, guşlar üýşüşip, dessine bir ýa birnäçe hudaýa¬tyny tapyp, çüňklerine gysyp getirýärler-de, höwürtge bilen ýylanyň aralygyna goýberýärler. Ýylan yzyna öwrülip gaçaýmasa, hudaýaty özüniň byçgy dişli öň aýagy bilen çalasyn urup, onuň gözüni çykarýar. Kör ýylan hem uzak ýaşaman ölýär. Şeýlelikde, adyny teswirlän möjejigimiz Allanyň aty, pygamberiň düýesi, ýagny mukaddes hasaplanyp, ony öldürmek günä saýylýar.
Magtymguly Pyragynyň “Ýaraşmaz” atly goşgusynda şeýle setirler bar: Towşan derýa bolmaz, şor suwa – harçeň. “Harçeň” sözi “leňňeç” sözüniň sinonimi bolup, häzirki döwürde “harçeň” sözi kän ulanylmaýar. Bu sözi belli alymlar Ö.Gurbanowyň, T.Tokgaýewiň, S.Şammakowyň we A.Eminowyň awtorlyklygyndaky çap edilen “Türkmenistandaky haýwanlaryň atlarynyň üç dilli sözlüginde” duşmak bolar.
“Türkmen diliniň etimologik sözlüginde” Soltanşa Atanyýazow “harçeň” sözi Kaka etrabynyň Hywaabat obasyndaky Harçiňňan atly çeşmäniň we obanyň atlarynda-da duş gelýändigini (harçengan – «leňňeçler», ýagny «leňňeçli çeşme») görkezýär. Leňňeç – bogunaýaklylar toparyna degişli bolup, süýji we duzly suw howdanlarynda ýaşaýan gysgyç agyzly jandar. Bu goşguda Türkmenistanyň derýalarynda duş gelýän leňňeç barada aýdylýar.
Çölüň ýaşaýjysynyň atsyz, düýesiz we dowarsyz oňup bilmejegi düşnükli. Adamlaryň gitdigiçe haýwanlar bilen gyzyklanmagy ösdi, olara bolan talaby artdy we gatnaşygy giňedi. Aw etmek üçin laçynlary saklady we aw itlerini – tazylary köpeltdi. Aglaba türki dillerde bolşy ýaly, köne türkmen dilinde hem elguşuň bir görnüşine “balaban” diýlipdir. Magtymgulynyň «Garga ýiter boz balaban jeňinde» diýen sözleriniň ýaş, güýçli guşy (elguşy) aňladýan bu sözi alymlar bala («çaga», «guş çagasy») sözi bilen baglanyşdyrýarlar. “Balaban” sözi rus dilinde hem alynma söz hökmünde ulanylýar. Laçynlar maşgalasyna degişli bolan bir görnüşiniň ady “baloban” diýlip atlandyrylýar.
Magtymguly şu goşgy setirlerinde hüýpüýpigi – hüthüt diýip alýar we şeýle ýazýar:
Hüthüt aýdar: ilçiýem,
Süleýmana sawçyýam,
Ýalan jahan içinde.
Hüýpüýpige çykarýan sesi bilen bagly dakylan atlar başga dillerde hem duş gelýär. Meselem, azerbaýjan, pars dillerinde oňa “hophop” diýilýän bolsa, ençeme türki dillerde bu guşuň “hüthüt” diýen ady bar. Gazaklarda “h” sesiniň ýoklugy üçin bu ady “üdüd”, ruslar hem “udod” görnüşinde ulanýarlar.
Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy özüniň terbiýe beriji pelsepewi şygyrlary bilen edebiýat dünýäsine, hususan-da, türkmen edebiýatyna uly hyzmat eden nusgawy şahyrlaryň iň görnüklileriniň biridir. Şu ýyl ýurdumyzda şahyryň 300 ýyllygy giňden bellenilýär. Bu bolsa onuň döredijiliginiň hiç haçan unudylmaýandygyna şaýatlyk edýär.
Enejan ALTYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüm müdiri.