Her paslyň özüne mahsus gözelligi bar. Ýaz paslynda tebigat janlanyp, daş-töweregi lälezarlyk gurşap alýan bolsa, tomus pasly özüniň bol nygmatlary bilen hemmeleriň söýgüsini gazanýar. Sary donuny geýip gelýän güýz paslynda ýere düşen gyzgylt ýapraklaryň üstünde ýöremegi, altynsow agaçlaryň aşagynda oturmagy halamaýan ýok bolsa gerek. Güýz pasly, esasan hem, döredijilik we sungat adamlaryna ylham hem-de hyjuw beriji möwsüm hasaplanýar. Güýz paslynda gündizleriň gysgalyp, gijeleriň uzalmagy, ýagynyň ýagmagy, howanyň biraz sowamagy ýaly birnäçe tebigy üýtgeşmeler bolup geçýär. Şolaryň hataryna ýapraklaryň saralmagyny hem goşup bileris. Eýsem, bu pasylda tebigat näme üçin sary dona bürenýärkä?!
Tebigatyň sary dona bürenmegi ýapragyň düzümindäki hlorofil atly madda bilen baglydyr. Hlorofil ýagtylygy özüne siňdirip, ýapraklaryň reňkli görünmegini üpjün edýär. Güýz paslynda Günden gelýän şöhläniň peselmegi bilen hlorofiliň önümçiligi hem peselýär. Ýaşyl reňki öndürmek üçin ýagtylyk ýetmeýär. Şol sebäpli hlorofiller açyk reňkleri – sary, çalymtyl, gyzgylt reňkleri öndürip başlaýarlar. Güýz paslynda ýapraklaryň «reňklenmegi» diňe bir agajyň görnüşine bagly bolman, eýsem, howanyň temperaturasyna, ýagtylygyň düşüşine we topragyň çyglylygyna hem baglydyr. Şonuň üçin şol bir agajyň ýapragy her ýyl dürli reňkde üýtgäp biler. Käbir agajyň ýapragy bolsa gyzarýar. Mysal üçin, Demirgazyk Amerikada has köp gabat gelýän klýon tokaýlary güýz paslynda owadan gyzyl tebigaty emele getirýär.
Agaçlar näme üçin ýapragyny dökýär?
Güýz paslynyň gelmegi bilen agaçlar köp mukdarda suw ýitirýärler. Agaçlar gyşda uka gidýändigi sebäpli özüne gerekli yzgary alyp bilmeýär. Gyşdan öň ösümlikleriň aglaba böleginiň ýapraklary düşýär. Ýapragyň tänen ýeri bolsa, mum gatlagy bilen örtülýär. Bu agaçlaryň sowukdan özüni goramagynyň bir görnüşidir. Suw damjalarynyň sowukda giňelýändigi sebäpli, ýapragyň öýjükleri ýarylýar we fotosintez üçin peýdasyz bolýar. Suwy ýapraga eltýän öýjükler ýapylýar hem-de ýapragyň sapajygy bilen ony saklaýan şahanyň arasynda boş gatlak (abssiýa) ösüp başlaýar. Abssiýa ýapraklaryň gezekli-gezegine «kesilip», ýere gaçmagyna hyzmat edýär. Ýuwaşjadan gaýyp düşýän ýapraklaryň emele getirýän owadan peýzažy güýz paslyna mahsus hadysalaryň biridir.
Siz haýsy agajy halaýarsyňyz?
Türkmen topragynda tut, çynar, leýlisaç, derek ýaly agaçlar bilen birlikde, akasiýa, klýon, arça agaçlarynyň dürli görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Agaçlaryň dürli görnüşleriniň ekilmegi ekologiýany ösdürmek bilen bir hatarda, şäherdir obalaryň gözelligini hem artdyrýar. Ýaz, tomus pasyllarynda salkyn saýasy bilen jana rahatlyk berýän agaçlar, güýz paslynda tyllaýy ýapraklara beslenip, adamyň ruhuny göterýär, tebigata bolan söýgüsini artdyrýar. Eýsem, siz sary dona bürenen tebigatda gezelenç etmegi halaýarsyňyzmy? Siziň iň gowy görýän agajyňyz haýsy? Belki-de, ony siziň özüňiz ekensiňiz? Siz ýapraklardan gerbariý ýasap, ýakynlaryňyza sowgat bermegi halaýaňyzmy?