Türkmen tebigaty daglary, derýalary sähralyklary bilen dürli görnüşli bolup, täsinliklere örän baýdyr. Ýurdumyzyň islendik künjeginde haýran galdyryjy gözellikleri görmek bolýar. Arly gyş möwritini pasyllar soltany hasaplanýan bahara geçirmegi bilen daş töwerek ýaşyl begrese bürenip, daragtlar pyntyk ýaryp gunçalar lälezarlyga öwrüldi. Tebigatyň janlanyp tebigat gözellikleriniň şugla saçýan pursatlary toprak bilen bagyrlary badaşan babadaýhanlar ekin meýdanlaryna çykyp yhlas siňdirip, bol hasylyň düýbüni tutmaga girişdiler. Bahar paslynyň şu günleri daş töwerek has-da gözelleşýär. Günüň nuruna eýlenen täsin tebigat ýazda üýtgeşik görnüşe eýe bolýar.
Asmandan inýän ýagyş damjalary öz akymy bilen adamlaryň göwünlerini galkyndyryp, goja zemine rysgal-bereket paýlaýar. Gözel tebigatly owadan bahar özüniň tämiz, ýakymly we ajaýyp howasy bilen dünýämize, ýüreklerimize aralaşýarlar. Baharyň her bir güni, her pursaty owadan, baharyň ýüreklerde joşgun döredip, janly-jandarlary, tutuş tebigaty oýaryşy owadan. Baharda zeminiň ýaşyl begrese bürenip, elwan güllerden keşde çekişi owadan. Gözelligiň soltany bolan näzijek güller bahar paslynda has-da owadan görke eýe bolýarlar. Göýä olar ynsan mährinden güýç alýan ýaly, ýaz şemalyna ýuwaşja ygşyldap, öwşün atýarlar. Dürli ösümliklerdäki, agaçlardaky ak, gyzyl, sary, gyrmyzy güller gözelligiň hem bagtyň nyşany kimin yslaryny çar tarapa ýaýradýarlar. Tebigatyň gözelligine bir-birine dürli öwüşgin çaýýan, ösümlik we haýwanat dünýäsi täsindir. Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty türkmenleriň ruhy dünýäsi bilen sazlaşandyr. Bu hakykat adam bilen tebigatyň ysnyşykly, jebis ýaşaýandyklaryny görkezýär. Ynsan tebigatdan, onuň gözellikleriniň ruhy lezzet alýar. Tebigatymyzyň täsin gözelligi her bir ynsany özüne maýyl edýär. Bahar paslynda saýrak guşlaryň ýakymly owazlaryny eşidip ruhuň göterilýär. Daglaryň başyndaky garlar eräp, çeşmedir çaýlary döredýärler. Bahar paslynyň çabgasy tebigatyň gözelligine has-da gözellik goşýar. Ýagyş-ýagmyryň şybyrdap ýagyşyny ýa-da ýagyşdan soň jümle-jahanyň täze öwüşgine eýe boluşyny, tämizligini ýada salaňda ynsan kalby joşa gelýär.
Hawa, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ” adyna eýe bolan 2025-nji ýylyň bahary özüniň hoştap howasy bilen köňüllerimize şatlyk paýlaýar. Geçen oba hojalyk ýylyny ajaýyp üstünliklere beslän babadaýhanlarymyz “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda hem ruhubelent duýgular bilen täze belentliklere sary ynamly gadam goýdular.
Ýurdumyzyň asudalygyny, abadançylygyny ähli zatdan ileri tutýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaç alsyn!

Oguljemal Gylyjowa, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmeni.