Soň­ky ýyl­lar­da Gün pa­nel­le­ri otur­dy­lan uçar, gä­mi, aw­tou­lag hat­da ot­lu­lar peý­da bol­dy. 2020-nji ýyl­da bol­sa, “Ener­gy Ob­server” at­ly aras­sa ener­gi­ýa bi­len he­re­ket ed­ýän gä­mi Ýe­iň da­şyn­da­ky sy­ýa­ha­ty­na baş­lap­dy. In­di bol­sa bu gä­mi pla­ne­ta­my­zyň da­şyn­da­ky aý­la­wy­ny ta­mam­lap bar­ýar. Suw ula­gy hä­zi­re çen­li hiç hi­li ga­zy­lyp alyn­ýan ýan­gyç ýak­maz­dan 116 müň ki­lo­met­re ba­ra­bar ýol ge­çip­dir. Gä­mi di­ňe wo­do­rod we gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa bi­len iş­le­ýär. Uzyn­ly­gy 30 metr bo­lan gä­mi dört ýyl ozal Fran­si­ýa­nyň Ka­rib deň­zin­dä­ki Mar­ti­nik ada­syn­dan sy­ýa­ha­ty­na baş­la­dy. Hä­zir bol­sa Ýe­riň da­şyn­dan aý­la­nyp ABŞ-nyň Flo­ri­da şta­ty­na ba­ryp ýet­di. Bu ýer­dä­ki taý­ýar­lyk iş­le­ri ta­mam­la­nan­dan soň­ra gä­mi sy­ýa­ha­ty­nyň soň­ky bas­gan­ça­gy­ny ta­mam­la­mak üçin ýo­la çy­kar. Gä­mi­niň sy­ýa­ha­ty­nyň do­wa­myn­da gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa­nyň de­ňiz gat­na­wyn­da ula­ny­ly­şy sy­nag­dan ge­çi­ril­di. Suw ula­gyn­da döw­re­bap ýel­ken hem göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr. Gä­mi­niň ka­pi­ta­ny sy­ýa­ha­tyň do­wa­myn­da 40 gö­te­rim ýel, 40 gö­te­rim Gün we 20 gö­te­rim wo­do­rod ýan­gy­jyn­dan peý­da­la­ny­lan­dy­gy­ny mä­lim et­di.
Ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa bi­len üp­jün edi­len gä­mi­niň ýe­ne bir aý­ra­tyn­ly­gy sarp ed­ýän wo­do­ro­dy­nyň onuň için­de ön­dü­ril­me­gi­dir. Gä­mi port­da du­ran ma­ha­ly Gün­den we ýel­den alan ener­gi­ýa­sy bi­len wo­do­rod ön­dür­ýär. Soň­ra bol­sa sy­ýa­ha­ty­na baş­la­ýar.
“Ener­gy Ob­server” ABŞ-nyň Wa­şing­ton, Nýu-Ýork we Bos­ton şä­her­le­ri­niň port­la­ryn­da düş­län­den soň­ra Fran­si­ýa ta­rap ýo­lu­ny do­wam et­di­rer.
In­že­ner­ler “Ener­gy Ob­server 2” at­ly ikin­ji gä­mi­niň hem gur­lu­şy­gy­na baş­lar­lar. Uzyn­ly­gy 120 metr bol­jak bu gä­mi su­wuk wo­do­rod ýan­gy­jy bi­len iş­lär. Bi­ler­men­ler aras­sa ener­gi­ýa bi­len iş­le­ýän gä­mi­ler ar­ka­ly “ýy­la­dyş­ha­na” gaz­la­ryň ho­wa goý­be­ri­şi­niň ep-es­li azal­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. De­ňiz gat­na­wy dün­ýä­dä­ki “ýy­la­dyş­ha­na” ga­zy­nyň 3 gö­te­ri­mi­ni dö­red­ýär.

Oraz Mäm­met­ba­ýew, Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.