Ýurdumyzyň dürli ýerlerinde döredilýän tokaýlyklar, bagy-bossanlyklar oňaýly mikroklimaty döredýär, howanyň arassa bolmagyny üpjün edýär. Diýarymyzda tebigy tokaýlar bilen bir hatarda adam eli bilen döredilen tokaý-seýilgäh zolaklarynyň meýdany hem az däl. Saýaly we miweli agaçlar howanyň aşa gyzmagynyň öňüni alýar.
Tebigy ýerlere gidilende, käbir kadalary berjaý etmek zerur bolup durýar. Bag-bakjaly ýerlerde ot ýakmak, çalgy ýagy ýa-da ýeňil ýanyjy suwuklyklar siňen esgileri, döwlen çüýşe böleklerini taşlap gaýtmak ýangynyň döremegine sebäp bolup bilýär. Aşa yssy howa, ýiti Gün şöhlesi aýna böleklerinden geçip, guran otlary tutaşdyryp, oduň döremegine getirip bilýär. Tebigata ulagly çykylanda bolsa, awtoulagyň tüsseçykary gurat bolmalydyr. Sebäbi tüsseçykardan çykýan uçgunjyklar oduň döremegine getirip bilýär.
Howanyň gyzmagy bilen öri meýdanlarda ýangyn döremek howpy emele gelýär. Şol sebäpli mallaryň suwa ýakylýan guýularynyň, üzüm agaçlarynyň daş-töwereginde hem-de demir we awtoýollaryň ýakalarynda sürüm işleri geçirilmelidir.
Tokaýlyk ýerleri ýangyn howpundan goramak işine degişli edara-kärhanalar hem öz goşandyny goşýarlar. Ösüp oturan agaçlaryň arasy haşal otlardan arassalanýar, olaryň hatararalarynda sürüm işleri geçirilýär, ýangyn howpsuzlyk zolaklary döredilýär. Bu işler ýangyn hadysalarynyň öňüni almaga ýardam berýär.
Ýurdumyzyň çägindäki eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edara-kärhanalaryň, guramalaryň ählisi dagda we tokaýda islendik işler geçirilende ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmäge borçludyr. Ýurdumyzyň baýlygy bolan tokaýlyklary, tebigy baýlyklary gorap saklamak her bir adamyň borjudyr. Gözel tebigatymyzy ýangyn howpundan gorap saklalyň!
Kerwen Amanow,
Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 100-nji harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölüminiň döwlet ýangyn gözegçilik bölümçesiniň gözegçisi, içerki gullugyň leýtenanty.