Te­bi­ga­tyň özü­ne çe­ki­ji mör-mö­jek­le­ri­niň bi­ri hem ke­ke­ne bol­sa ge­rek. Ga­na­ty­nyň üs­ti me­nek-me­nek bu mö­je­jik­ler to­kaý­lar­da we ekin meý­dan­la­ryn­da köp duş gel­ýär. 2 ýy­la çen­li ýa­şa­ýan ke­ke­ne­ler ýe­re ga­çan ýap­rak­la­ryň, daş­la­ryň we agaç­la­ryň ga­by­gy­nyň ara­sy­nda giz­le­nip, gyş uku­sy­na gid­ýär­ler. Ena­ýy­ja mö­je­jik­ler ke­ma­la gel­mek üçin 4 bas­gan­ça­gy (ýu­murt­ga­la­mak, li­çin­ka, gur­çuk we uç­ma­ga taý­ýar bol­mak) baş­dan ge­çir­ýär­ler.
Ke­ke­nä­niň iki jü­büt ga­na­ty bar. Ýo­kar­ky ga­nat­lar gal­kan şe­ki­lin­de bo­lup, uç­ma­ga ni­ýet­le­nen per şe­kil­li ga­nat­lar onuň aşa­gyn­da giz­len­ýär. Tom­za­ga meň­zeş bu mö­je­jik beý­le­ki mör-mö­jek­ler­den giz­lin ga­nat­la­ry bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ke­ke­ne­ler ys al­mak üçin murt­ja­ga­zy­ny we aýa­gy­ny ulan­ýar. Daş-tö­we­re­gi aý­dyň gö­rüp bil­me­ýän bu mö­je­ji­giň di­ňe ýag­ty­lyk bi­len ga­raň­ky­ly­gy ta­pa­wut­lan­dy­ryp bil­ýän gö­zi bar. 6 aýak­ly bu mö­je­ji­giň ýa­şy­na gö­rä 6-dan 20-ä çen­li ga­ra no­kat­la­ry bol­ýar. Ke­ke­nä­niň kä­bi­ri­niň ga­na­ty­nyň üs­tün­de ga­ram­tyl me­nek­le­ri bar bol­sa, beý­le­ki gör­nüş­le­rin­de hiç hi­li teg­mil­ler ýok.
Ke­ke­ne­ler şi­re, ekin­le­re we mi­we­li agaç­la­ra zy­ýan ber­ýän şi­re­je hem-de gur­çuk şe­kil­li mör-mö­jek­ler bi­len iý­mit­len­ýär­ler. Bir ke­ke­ne her gün 50 tö­we­re­gi şi­re­je iý­ýär. Eke­ran­çy­la­ryň we bag­ban­la­ryň iň ýa­kyn dos­ty ha­sap­lan­ýan ke­ke­ne­le­riň kä­bir gör­nü­şi ga­wun-gar­pyz, hy­ýar ýa­ly ösüm­lik­le­riň ýap­ra­gyn­da­ky mad­da­lar bi­len hem iý­mit­len­ýär.
Dün­ýä­de ke­ke­nä­niň 5 müň­den gow­rak gör­nü­şi duş gel­ýär. Bi­ziň gör­ýän gyz­gylt ga­nat­ly, ga­ram­tyl me­nek­li ke­ke­nä­miz­den baş­ga-da, ga­na­ty sa­ry, go­ňur, ga­ra, gül­gün, mä­mi­şi reňk­li ke­ke­ne, mö­ýe meň­zeş ke­ke­ne ýa­ly dür­li gör­nüş­le­ri bar. Di­ňe De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­nyň özün­de ke­ke­nä­niň 450 gör­nü­şi ýa­şa­ýar. Ke­ke­ne kä­bir hal­kyň me­de­ni­ýe­tin­de şow­lu­lyk we bagt ge­ti­ri­ji mö­je­jik ha­sap­lan­ýar. Şol se­bäp­li köp­ler eli­ne ýa-da üs­tü­ne go­nan ke­ke­nä­ni ar­zuw­la­ry­ny aý­dyp, gaý­ta­dan uçu­ryp goý­ber­ýär­ler.