Hytaýyň “Chery” kompaniýasy daşky dizaýny we enjamlaşdyrylyşy bilen tapawutlanýan nusgalyk ulagyny tanyşdyrdy. “Gene” atly model SUV görnüşli bolup, öň tarapy tutuşlygyna LED çyralar bilen üpjün edilipdir. Solak çal reňkli ulagyň burçlary tegelek edilip ýasalypdyr. Gapdal aýnalary göz öňünde tutulmadyk ulagda, yz tarapy görmek üçin ýygnalyp, içe girýän kamera oturdylypdyr. Ulagyň yz tarapynda bolsa, penjire göz öňünde tutulmandyr. Ulagyň yz tarapynda çekme ýaly yzlygyna açylýan bölüm bolup, onuň içinde elektrik energiýasy bilen işleýän skeýtbord hem-de iki sany dron bar. Dronyň alýan şekilini hyýaly hakykat äýnegi bilen görüp bolýar. Ulagyň uzynlygy 5 metre, ini 2 metre we beýikligi 1,75 metre barabar. Ulag uludygyna garamazdan dört orunlyk. Täsin ulagy sürüji hem dolandyryp bilýär, awtomat ýagdaýda özi hem hereket edýär. “Meta” atly özbaşdak hereket edýän düzgünde rul ýygnalýar. Täze ulagyň önümçiligine goýberiljek wagty häzirlikçe nämälim bolmagynda galýar.

Ýazjuma Nurjaýew, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby