Dünýäniň iri tehnologiýa kompaniýalary ýylyň üçünji çärýegine degişli girdejileri barada maglumat ýaýratdy. Ýarymgeçiriji önümçiligi bilen meşgullanýan «Nvidia» kompaniýasynyň girdejisi hem-de peýdasy garaşylandan ýokary boldy. Amerikan kompaniýasynyň girdejisi 57 milliard, her paýnama üçin alan peýdasy 1,3, maglumat merkezlerinden alan girdejisi 51,2 milliard amerikan dollaryna ýetdi.
Degişli döwürde Hytaýyň «Xiaomi» kompaniýasynyň girdejisi 113,1 milliard hytaý ýuanyna (15 911 654 000 dollar) ýetdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 22,3% ýokary bolupdyr. Kompaniýa dürli elektron enjamlary we elektroulag öndürmek bilen meşgullanýar.
Ybraýym KERIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.
PDF









