Her ýylyň ýanwarynda ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde ýylyň iň uly halkara sergisi geçirilýär. CES (Consumer Electronics Show/ Sarp ediji elektronikasy görkezilişi) atly sergi bu ýyl 7-10-njy ýanwar aralygynda geçirildi. Sergide dünýäniň dürli ýurtlarynda tehnologiýa kompaniýalary gatnaşyp, haýran galdyryjy täze önümlerini görkezdiler. Gözden geçirilişe “Google”, “Nvidia”, “Apple”, “Samsung” we beýleki dünýä belli brendler gatnaşdy. Sergide kagyzdan ýasalan batareýa, robotik goly bolan robot tozan sorujy we beýleki birnäçe tehnologiýa önümleri tanyşdyryldy. Şolaryň käbiri baradaky maglumaty dykgatyňyza ýetirýäris.
Kagyzdan batareýa
Singapuryň “Flint” şereketi sellýulozadan, ýagny kagyzyň çig malyndan zarýad berip bolýan batareýany köpçülige görkezdi. Oýlap tapyjylar bu batareýalaryň ulanyşdan galandan soňra alty aýyň dowamynda biologik taýdan pytrap ýitip gidýär. Şol sebäpli bu önüm “Iň gowy durnuklylyk” baýragyna mynasyp boldy.
“Akylly ýyladyşhana”
Bu “ýyladyşhana” ulurak güldan bolup, ýapyk ýerlerde agaçlary we beýleki ösümlikleri ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär. “Akylly ýyladyşhananyň” içindäki ýagtylandyryş we düzüminde iýmitlendiriji maddalary bolan bug dürli ösümlikleri, bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär. Bu “ýyladyşhana” 500 dollara satylýar. Ulanyjy onuň içindäki ösümlikleriň ýagdaýyny el telefony arkaly yzygiderli görüp bilýär.
Ses buýrugy bilen açylýan gapy
Kähalatda elimiz ýükli öýe gelenimizde gapyny açmak üçin ýüki ýerde goýup, jübümizden açary çykaryp gapyny açmaly bolýar. Sergide görkezilen gulp bu meseläni aradan aýyrmaga mümkinçilik berýär. “Schlage Sense Pro” atly “akylly” gulp sesli buýruk arkaly açylýar. Şeýle hem telefonyň ýa-da “akylly” sagadyň kömegi bilen “Bluetooth” arkaly gapyny açyp bolýar. Gulpda radio enjamy bolup, diňe öýüň eýesi gelen wagty açylýar.
Agyryny azaldýan aýakgap
Agyr iş edilenden soňra ýa-da sport bilen meşgullanylandan soňra adamyň aýagy agyryp bilýär. Şeýle ýagdaýdan soňra az-kem dem-dynç almaly bolýar. “Nike” hem-de “Hyperice” firmalary tarapyndan öndürilen aýakgaplar aýagyňy we injigiňi gysyp hem-de ýyladyp aýakdaky agyryny azaldýar. Şeýle aýakgaby geçen ýyl Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda käbir türgenleriň geýendigini belleýärler.
Uzalýan ýan kompýuter ekrany
Käbir işlerde kompýuter bilen işlenende, ikinji ýa-da üçünji ekrana zerurlyk duýulýar. “Lenovo” syýahat wagty işlemeli bolýanlar üçin uzalýan ekran hödürledi. “ThinkBook Plus Gen 6 Rollable” atly enjam ýan kompýutere birikdirilýär.
“iPhone”-a iki sekuntda zarýad berýär
Soňky ýyllarda käbir tehnologiýalar arkaly smartfona 5 minutda dolulygyna diýen ýaly zarýad berip bolýar. “Swippitt” atly startap “iPhone 14”-e we ondan soňky “iPhone 14”-lara 2 sekuntda zarýad berip bilýär. Startap bu enjamyň ýakyn geljekde “Android” telefonlary üçin hem elýeterli boljakdygyny belleýärler.
Çeýe telewizor ekrany
“Samsung Display” kompaniýasynyň sergide görkezilen telewizoryny islendik ýerde goýup bolýar. Häzirlikçe nusgalyk görnüşde bolan bu telewizoryň köpçülikleýin önümçiliginiň haçan başlanjakdygy mälim edilmedi.
Öýi arassalaýan robot tozansorujy
Soňky ýyllarda özbaşdak işleýän robotlar köpçülik üçin elýeterli boldy. “Roborock” atly kompaniýa bolsa otagy diňe süpürmän, ýerde ýatan paty-putulary hem ýygnaýar. “Roborock Saros Z70” atly tozansorujy jorap, oýunjak ýaly ownuk-uşak zatlary ýygnap, bellenen sebede taşlaýar.
Ösümlige ideg edýän güldan
“LeafyPod” startapynyň işläp taýýarlan “akylly” güldany sensorlary we emeli aň algoritmalary arkaly ösümlige ideg edýär. Güldan gerekli suwy gapdan alyp ösümlige berýär. Şeýle hem ösümligiň güne çykarylmagy ýa-da kölegede goýulmalydygy barada maslahat berýär. Güldanyň gabyna dört hepdä ýetjek suw guýup bolýar. Şeýlelikde ýaşaýjylar öýde ýok wagty hem güllere ideg edýär.
Sergide bulardan başga-da birnäçe täzelikler görkezilýär.