10-njy oktýabrda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahananyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Oňa welaýatyň ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekilleri, etrabyň ýaşaýjylary, saglygy goraýyş işgärleri gatnaşdylar. Aýdym-saz, tans toparlarynyň şowhunly çykyşy dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Çykyşlarda täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň abadan durmuşy ugrunda alnyp barylýan beýik işler wasp edildi.
Çykyş edenler halkyň saglygyny goramak we berkitmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek babatda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny bellediler. Nygtalyşy ýaly, eziz Diýarymyzda saglygy goraýyş ulgamynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen döwlet syýasaty işjeň durmuşa geçirilýär. Ilatyň saglygyny goramak, adamlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak, jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmek bu günki gün esasy wezipe hökmünde kesgitlenildi. Çünki halkyň saglygy diňe bir ýurduň baş baýlygy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, häzirki we geljek nesilleriň röwşen geljeginiň hem berk binýadydyr.
Her ýyl 10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni uly ruhubelentlikde bellenilýär. Şu gün Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahananyň gurluşygyna badalga berilmegi hem saglygy goraýyş işgärleri we welaýatyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp toý sowgady boldy.
Soňra dabaraly ýagdaýda Tejen şäherindäki 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahananyň gurluşygyna badalga berildi. Bu hassahana keselleri anyklamakda, olary bejermekde we öňüni almakda, näsaglara ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemekde esasy saglygy goraýyş edaralarynyň birine öwrüler. Bu ýerde ornaşdyryljak tehnologiýalardyr enjamlar, ýöriteleşdirilen barlaglar çylşyrymly operasiýalary geçirmäge mümkinçilik berer.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar täze guruljak 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahananyň uzak ýyllaryň dowamynda halkymyza ýokary derejeli hyzmat edip, adamlaryň saglygyny goramakda esasy merkezleriň birine öwrüljekdigine ynam bildirdiler.