Koreýa Respublikasynyň «Samsung» kompaniýasy telefon satuwynda ýokary ösüş gazandy. Koreý brendi ABŞ-daky satuwynda «Apple»-den soňra ikinji boldy. Ýylyň üçünji çärýeginde ABŞ-daky smartfon bazary geçen ýyldakydan 1 göterim, geçen çärýekdäkiden 9 göterim ösüpdir. Kompaniýa geçen ýylyň degişli döwründe ABŞ-da smartfon bazarynyň 30 göterimini eýeläpdir. Bu görkeziji geçen çärýekde 35 göterime barabardyr. Ýurtda «Galaxy Z Fold 3» we «Z Flip 3» («Motorola»-a degişli) ýaly eplenýän smartfonlara bolan islegiň ýokarlanmagy satuwyň artmagyna ýardam edipdir. «Counterpoint Research» atly maslahat beriş kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, LG-niň smartfon bazaryndan çykmagy beýleki kompaniýalaryň bazardaky ornuny berkitmäge ýardam edipdir. Ýurtda «Apple» birinji, «Motorola» üçünji ýeri eýeleýär. TCL we «OnePlus» smartfonlary ilkinji bäşligi jemleýär.
Orazmuhammet BABAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.