24-25-nji noýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça «Türkmentel-2020» atly ХIII halkara onlaýn maslahaty geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda bu maslahaty «Türkmenaragatnaşyk» agentligi we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy guradylar.
Adaty hem-de onlaýn görnüşde geçirilen foruma gatnaşmak üçin dünýäniň 21 ýurdundan spikerleriň 30-dan gowragy hem-de wekilleriň 300-e golaýy bellige alyndy. Olaryň hatarynda Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Belgiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Hindistanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Kipriň, Maldiwleriň, Monakonyň, Niderlandlaryň, Russiýanyň, Rumyniýanyň, ABŞ-nyň, Özbegistanyň, Finlýandiýanyň, Fransiýanyň, Şweýsariýanyň we Ýaponiýanyň wekilleri bar. Şeýle hem foruma dünýäde aragatnaşygyň hem-de maglumat tehnologiýalarynyň dürli görnüşleriniň bazarynyň öňdebaryjylary bolan «NOKIA», «HUAWEI», «Test Investment Сo», «SSI Monaсo», «Thales», «Afghan Wireless», «Airbus», «Delta Teleсom Ltd», «Rosteleсom», «Fastwind», «Azerteleсom» we beýleki iri kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahata işewürler toparlaryndan başga-da, bu ulgamdaky hünärmenler, esasy alymlar we bilermenler uly gyzyklanma bildirdiler. «Türkmentel–2020» forumynyň açylyş dabarasy ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda geçirildi. Oňa hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Umumy mejlis Türkmenistanda innowasion, maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ösüşine bagyşlandy. Dünýäniň tejribesi, dolandyryşyň ösüşi we häzirki zaman ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çykyşlarda halkara ölçeglerine laýyk gelýän hem-de maglumat gatnaşyklarynyň ýokary hilini üpjün edýän milli telekommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmeginiň Türkmen döwletiniň Merkezi Aziýa sebitinde möhüm merkez, Gündogaryň we Günbataryň, Demirgazygyň we Günortanyň arasynda wajyp maglumat-kommunikasiýa köprüsi hökmünde ykrar edilmegine ýardam edýändigi bellenildi.
Ýurdumyzy boýdan-başa iň döwrebap optiki-süýümli ulgamlar kesip geçýär. Ýerli telefon nokatlarynyň sanynyň artmagy halkara we şäherara aragatnaşyk ýaýlymlarynyň artmagyna getirdi. Hytaýyň Urumçy şäherinden Germaniýanyň Frankfurt şäherine çenli, umumy uzynlygy 27 müň kilometre barabar bolan Trans-Aziýa-Ýewropa optiki-süýümli ulgamyň 708 kilometrlik böleginiň Türkmenistanyň çäginden geçýändigi möhüm ähmiýete eýedir.
Şeýle hem, Serhetabat-Turgundy (Owganystan) we Kerki-Akina (Owganystan) ugurlary boýunça goşmaça optiki-süýümli halkara birikmesiniň gurnama işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda iki döwletiň aragatnaşyk operatorlary arkaly Türkmenistan–Azerbaýjan Respublikasy ugry boýunça Hazar deňziniň düýbünden optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny bilelikde gurmagy, eýelik etmegi hem-de ulanmagy guramak baradaky ylalaşyga gol çekildi. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy Türkmenbaşy hem-de Siýazan şäherlerini birleşdirer we Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda telekommunikasiýa üstaşyr ýollarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagynda hem-de kämilleşdirilmeginde hyzmatdaşlygy pugtalandyrar.
Iki gün dowam eden foruma gatnaşanlar diňe bir aragatnaşyk toplumynyň esasy ugurlaryny ösdürmegiň ýagdaýy, geljegi barada maglumatlary almak bilen çäklenmän, eýsem, hemra kommunikasion tehnologiýalary we maksatnamalaýyn önümleriň bazary, sanlylaşdyrmak, kiberhowpsuzlyk ýaly meseleler boýunça pikir alyşdylar hem-de mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň usullaryny we maýa goýum mümkinçiliklerini kesgitlediler.