Kosmosy has çuňňur öwrenmek maksady Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda uçurylan Jeýms Webb teleskopynyň Gün şöhlesinden goranýan saýawanynyň açylandygy mälim edildi. ABŞ-nyň Aerokosmos edarasy tarapyndan taýýarlanan taslamanyň çäklerinde uçurylan enjamyň saýawanynyň ululygy 21 metre barabar. Batbörek görnüşli teleskopyň saýawany Gün şöhlesiniň zyýanly täsirinden goraýar. Saýawan bäş gatly bolup, iki günüň dowamynda ýeke-ýekeden açyldy. Teleskop uzak aralykdan gelýän infragyzyl şöhleleri duýmaga ukyply bolup, asman jisimlerini has giňişleýin öwrenmäge mümkinçilik berer.
Jeren AŞYRMÄMMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.