5 – 9-njy iýuny aralygynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda 12 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda geçiriljek tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşyna taýýarlyk görülýär. Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň Halkara we Aziýa tennis federasiýalary bilen bilelikde geçirjek bu ýaryşyna Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, şeýle hem Halkara we Aziýa tennis federasiýalarynyň wekilleri gatnaşarlar.
Bu abraýly ýaryş ýurdumyzda geçirilmegi Garaşsyz Türkmenistanyň sport abraýyny mundan beýläk-de belende galdyrmak, daşary ýurtlar we olaryň halklary bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ähmiýetli bolar. Bu barada 20-nji maýda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow hasabat berdi.