Elektroulag önümçiligi bilen meşgullanýan “Tesla” kompaniýasy smartfon önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Telefonyň “Google”-yň “Pixel 6” smartfonyna meňzeş boljakdygy aýdylýar. Üç reňkli görnüşi boljak telefonyň arka ýüzünde “T” harply logo ýerleşdiriler. Şeýe hem üç sany kamera sensory bolar. “Android” amaly ulgamynda işlejek mobil enjamda “Qualcomm”-yň “Snapdragon 898” mikroprosessory oturdylar. Telefondaky kameranyň durulygynyň 108 megapiksel, 4K ekran we 2TB ýatly boljakdygy bellenilýär.
Gunça Ömürsöýünowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby