Saud Arabystanynyň demirgazyk-günbatarynda badalga berlen “The Line” atly täsin şäheriň gurluşygy üçin, eýýämden 50 milliard dollardan gowrak maliýe serişdelerini harçlady. Bu barada Saud Arabystanynyň NEOM sebitiniň Ösüş agentliginiň baş müdiriniň orunbasary Raýan Faýez mälim etdi.
Bu serişdeleriň esasy bölegi infrastruktura, şol sanda gazuw işleri we sütünleri ýerleşdirmek maksady bilen ulanyldy. Faýeziň aýtmagyna görä, “The Line” taslamasynyň ilkinji gatlarynyň gurluşygyna şu ýylyň ahyrynda başlanar. Uly çykdajylara garamazdan, häkimiýetler bu maýa goýumyň syýahatçylyk arkaly öweziniň dolunjakdygyna şübhelenmeýärler. “The Line” taslamasy Saud Arabystanynyň dünýäniň ähli künjeklerinden syýahatçylary özüne çekjek kaşaň we täsir galdyrýan şäheri döretmek maksatnamasynyň bir bölegidir” diýip, Faýez belleýär.
2,4 kilometre uzap gidýän “The Line” şäheri “Neom” taslamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Esasy maksat dizel hereketlendirijili awtoulaglar we uglerod zyňyndylary bolmadyk şäher gurmakdan ybarat. “The Line”-iň gurluşygy, köp babatda nebite garaşly bolan Saud Arabystanynyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmäge gönükdirilen ösüş taslamalarynyň sanawyna girýär.
“Şäheriň içinde elektroulaglar hereket eder. “The Line” köp sanly seýilgählerden we tebigy landşaftlardan ybarat uly şäher bolar. Bu şäher XXI asyrda we ondan soňky döwürlerde şäher dizaýnynyň we onuň tebigat bilen sazlaşygynyň mysaly bolmalydyr” diýlip, “Neom”-yň metbugat beýanatynda aýdylýar. Şäheriň özeni 170 kilometre, ini 200 metre we beýikligine 500 metre barabar mega binasydyr. Taslama ýurduň jemi içerki önüminiň 48 milliard dollar artmagyna sebäp bolar diýlip garaşylýar.
“The Line” şäheriniň gurluşyk işleri ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmegi maksat edinýän Saud Arabystanynyň Döwlet maýa goýum gaznasy tarapyndan maliýeleşdiriler. Maglumatlara görä, 2032-nji ýyla çenli taslamanyň bir bölegi ulanylmaga berler. Saud Arabystanynyň hökümeti 2030-njy ýyla çenli ýurduň syýahatçylyk pudagynyň jemi içerki önümiň 10 göterimini üpjün etjekdigini öňe sürýär.