Gysga wideolara ýaýratmaga ýardam edýän “TikTok” programmasy soňky wagtlarda has köp peýdalanylýan applikasiýalaryň birine öwrüldi. Mobil programmanyň şu ýylyň birinji çärýeginde dünýäde 175 milliondan köp gezek göçürilip alnandygy habar berildi. Şeýlelikde, programma iň köp ösen jemgyýetçilik tory boldy. “Sensor Tower” şereketiniň taýýarlan maglumatyna görä, ikinji we üçünji ýerleri 150 milliondan gowrak gezek göçürilip alnan “Instagram” we “Facebook” eýeledi. Dördünji ýeri 125 million gezek göçürilip alnan “WhatsApp” aldy. Bäşinji orny 100 milliondan gowrak göçürilip alnan “Telegram” eýeledi. Döredilen wagtyndan bäri “TikTok” jemi 3,5 milliard gezekden köp göçürilip alnypdyr. Netijede, “TikTok” şeýle köp göçürilip alnan bäşinji programma boldy. Şeýlelikde, şeýle köp göçürilip alnan “Meta” kompaniýasyna degişli bolmadyk ýeke-täk programma boldy. Mundan ozal, 2018-nji ýylda “WhatsApp” 250 million gezek göçürilipdi. Şondan bäri hiç bir applikasiýa “TikTok”-dan köp göçürilip alynmady.
Kerim Taňryberdiýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby