“TikTok” togtadylandan birnäçe sagat soň, ýekşenbe güni ABŞ-da hyzmatyny ýaňadan dowam etdirdi. Maglumatlara görä, hyzmat togtadylandan soň ýurtda millionlarça ulanyjy bu programma girip bilmedi.
“Biz Prezident Donald Trampa bu mesele boýunça zerur karary kabul edenligi üçin hoşallygymyzy bildirýäris” diýlip “TikTok”-yň beýanatynda bellenilýär.
“TikTok” kompaniýasy ABŞ-nyň saýlanan Prezidenti Donald Tramp bilen hyzmatyň ABŞ-da işlemegine mümkinçilik berýän uzak möhletli çözgüdüň üstünde işlemekçidigini mälim etdi.
Ýekşenbe güni irden, “Truth Social” jemgyýetçilik torunda Donald Tramp duşenbe güni “TikTok”-yň Amerikada işini dowam etdirmegine rugsat berýän karar çykarjakdygy barada ýazdy.