Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň 14-nji çagyryşynyň Merkezi Komitetiniň agzalary To Lamy biragyzdan MK-nyň Baş sekretary wezipesine täzeden saýlady. “Thanh Niên” neşiriniň ýazmagyna görä, ol bu wezipäni 2031-nji ýyla çenli dowam etdirer.
2024-nji ýylyň awgustynda To Lam ilkinji gezek Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Baş sekretary wezipesine 2026-njy ýyla çenli saýlanypdy. Şol wagt To Lam şol bir wagtyň özünde Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesini hem ýerine ýetirýärdi. Ol bu wezipäni 2024-nji ýylyň maýynda, wezipesinden çekilen Wo Wan Thyongyň ýerine eýeläpdi. Şol ýylyň oktýabrynda bolsa prezidentlik wezipesi To Lamdan goşun generali Lyong Kyonga geçipdi.
To Lam 1957-nji ýylyň 10-njy iýulynda Hyngýen welaýatynda doguldy. Ol Halk howpsuzlygy akademiýasyny tamamlady we ýönekeý esgerlikden başlap, Jemgyýetçilik howpsuzlygy ministrliginiň bölümlerinde hem-de departamentlerinde ýolbaşçy wezipelerine çenli ýetdi. 1980-nji ýyllaryň başynda Kompartiýanyň hataryna girdi, soňra partiýanyň MK-syna, syýasy býurosyna girdi we parlamentiň deputaty boldy. 2016-njy ýylda ministr wezipesine bellenildi, üç ýyldan soň bolsa general derejesini aldy.