Hytaýyň XCMG kompaniýasy elektrik energiýasy bilen işleýän äpet ýük ulagyny işläp taýýarlady. Ýerasty magdanlary çykarýan känlerde peýdalanmaga niýetlenen ulagyň ýük göterijiligi 240 tonna barabar. Kompaniýa şeýle ulagy Awstraliýanyň «Fortescue» kompaniýasyna satar. Döwrebap ulag dizel ýangyjy bilen işleýän adaty ýük ulagy ýaly kuwwatlydygyna garamazdan, howany hapalaýan tüsse we gaz çykarmaz. Elektrik ulagyň hereketlendiriji ulgamy, takmynan, 2 müň 550 at güýjüni öndürýär. Ulagyň ýokary tizligi sagatda 56 kilometr bolar. «Fortescue» dünýäniň iň uly demir magdanyny eksport ediji kompaniýalarynyň biri bolup, merkezi edarasy Pert şäherinde ýerleşýär.
Jennet Hallyýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.