Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Buhara şäherinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen resmi bolmadyk duşuşyk geçirdi.
Akordanyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, döwlet Baştutanlary seýrek duş gelýän metallary gazyp almak we gaýtadan işlemek, üstaşyr-ulag, suw-energetika ulgamlarynda, şeýle-de IT-sektorynda hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
-Gazagystan üçin Özbegistan ygtybarly strategik hyzmatdaşdyr. Ýurtlarymyzyň arasynda nähilidir bir gapma-garşylyk ýa-da düşünişmezlik ýok. Gol çekilen ylalaşyklar yzygiderli durmuşa geçirilýär – diýip, Tokaýew belledi.
-Biziň şu günki açyk we ak ýürekli duşuşygymyzyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga, anyk amaly netijeleriň gazanylmagyna we sebitleýin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine hyzmat etjekdigine ynanýaryn – diýip, Mirziýoýew aýtdy.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça Prezidentler söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça iki ýurduň hökümetleriniň arasynda Ýol kartasyny kabul etmek barada ylalaşdylar.
Söwdada we önümçilikde anyk görkezijilere ýetmek üçin hökümetleriň özara täsirini güýçlendirmek barada ylalaşyk gazanyldy.