Tokio şäheri jahankeşdeleriň arasynda dünýäniň iň söýgüli şäheri diýlip ykrar edildi. Bu barada «Condé Nast Traveler» neşiri tarapyndan düzülen ýyllyk sanawda tassyklanýar. Sanaw ýarym milliondan gowrak okyjy bilen geçirilen pikir soralyşyga esaslanýar.
Bu barlaglara 757 müňden gowrak adam gatnaşdy. Ýaponiýanyň paýtagty gadymy ybadathanalary we futuristik binalary sazlaşdyrýan özboluşly binagärlik usuly bilen sanawda birinji orunda durýar. Mundan başga-da, Tokio Mişeliniň ýyldyzy bilen bellige alnan restoranlarynyň iň köp toplumy bilen dünýäniň iň gastronomiýa ugurlarynyň biri hökmünde tanalýar.
Megapolisleriň sanawynda ikinji orny Ýaponiýanyň Kýoto şäheri eýeledi. Günorta Afrika Respublikasynda ýerleşýän Keýptaun ilkinji üçlügi jemledi. Syýahatçylar üçin iň özüne çekiji uly şäherleriň arasynda Singapur, Seul, Pariž, Wankuwer, Edinburg, Monreal we Pnompen bar.
Şeýle hem sanaw uly bolmadyk ilatly nokatlaryň arasyndaky öňdebaryjylary kesgitledi. Bu ugur boýunça sanawda Kanadanyň Wiktoriýa şäheri birinji orny eýeleýär. Onuň meşhurlygy syýahatçylaryň bu ýere tebigatda dynç almak, SPA myhmanhanalaryna baryp görmek ýa-da Swars-beý aýlagynda gämi bilen gezelenç etmek üçin ýygy-ýygydan Wankuwerden bir günlik gelýändigi bilen düşündirilýär.
Meksikanyň Puerto-Walýarta şäheri kiçi şäherleriň arasynda ikinji orny eýeledi. Renessans eýýamynyň watany hasaplanýan Florensiýa üçünji orny eýeledi. Şeýle hem okyjylar Şweýsariýanyň Lýusern, Meksikanyň San-Migel-de-Alende, Ispaniýanyň San-Sebastýan, Irlandiýanyň Galuweý, Palmu-de Malorku, Maltanyň paýtagty Walletta we Awstraliýanyň Hobart şäherlerine ýokary baha berdiler.