Ho­wa­nyň ys­sy gün­le­rin­de adam be­de­ni­niň su­wuk­ly­ga bo­lan is­le­gi has-da art­ýar. Kö­pi­miz suw­suz­ly­gy­my­zy gan­dyr­mak üçin gaz­lan­dy­ry­lan ýa-da reňk­li içim­lik­le­ri go­wy gör­ýä­ris. Em­ma mu­nuň zy­ýan­ly ta­rap­la­ry­ny hem göz öňün­de tut­ma­ly. Se­bä­bi gaz­lan­dy­ry­lan ýa-da reňk­li içim­lik­le­riň köp içil­me­gi ag­ra­myň ýo­kar­lan­ma­gy­na we aş­ga­zan bi­len bag­ly ke­sel­le­riň dö­re­me­gi­ne ge­ti­rip bi­ler. Şo­nuň üçin te­bi­gy içim­lik­le­ri saý­laň! Bu içim­lik­le­ri siz öý aş­ha­na­syn­da gys­ga wagt­da taý­ýar­lap bi­ler­si­ňiz.

Şet­da­ly ça­ýy. Or­ta ulu­lyk­da­ky 2 sa­ny şet­da­ly­ny ýa­rym kä­se kiş­miş bi­len bi­le­lik­de 2 bul­gur suw­da gaý­nat­ma­ly. Taý­ýar bo­lan go­ýy su­wuk­ly­gy süz­güç­de sü­züp, üs­tü­ne 1 bul­gur çaý we 4 bul­gur suw guýma­ly. Az sa­lym so­wa­dy­jy­da sak­la­nan­dan soň şet­da­ly ça­ýy­ny içip bi­ler­si­ňiz. Bu içim­lik wi­ta­min­le­re we mi­ne­ral­la­ra baý bo­lup, de­ri, göz we ga­naz­lyk üçin peý­da­ly. Şeý­le hem ýü­rek-da­mar ul­ga­my­ny ber­ki­dip, aş­ga­zan-içe­ge ýet­mez­çi­lik­le­ri­niň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Şet­da­ly dem­re baý mi­we­le­riň bi­ri­dir.
Süýt­li ýer­tu­da­na. 5-6 sa­ny ýer­tu­da­nany blen­derde ýa­rym bul­gur bi­şi­ri­len süýt bi­len gar­ma­ly. Taý­ýar bo­lan go­ýalt­ma 1 bul­gur doňdurma go­şup, mazaly gar­ma­ly. Is­le­ge gö­rä oňa dal­çyn hem go­şup bi­ler­si­ňiz. C wi­ta­mi­ne baý bo­lan ýer­tu­da­na ho­les­te­ri­niň de­re­je­si­ni pe­seld­ýär. Şeý­le hem ýü­rek-da­mar ýet­mez­çi­li­gi­niň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýär.
Po­mi­dor şi­re­li mi­ne­ral suw. Tä­ze sy­ky­lan po­mi­dor şi­re­si­ne mi­ne­ral suw hem-de nar­pyz go­şup, lez­zet­li içim­lik taý­ýar­laň! Po­mi­dor A, C, E wi­ta­min­le­re we foliý tur­şu­sy­na baý gök önüm­le­riň bi­ri­dir. Po­mi­dor nerw ul­ga­my­ny ka­da­laş­dyr­mak­da, ýü­rek ke­sel­le­ri­niň öňü­ni al­mak­da peý­da­ly­dyr. Şeý­le hem Gün şöh­le­sin­den de­ri­ni go­ra­ma­ga hem-de be­de­niň gar­ra­ma­gy­ny gi­jik­dir­mä­ge ýar­dam ed­ýär.
Şe­ker­siz li­mo­nad. 4 sa­ny li­mo­ny mi­we sy­ky­jy­syn­dan ge­çi­rip, üs­tü­ne 1 na­har çem­çe bal hem-de 4 bul­gur suw goş­ma­ly. Mazaly ga­ry­lan­dan soň, so­wa­dy­jy­da bir­ki sa­gat goý­ma­ly. Bu içim­lik köp muk­dar­da C wi­ta­mi­ni­ni we an­ti­ok­si­dant­la­ry özün­de jem­le­ýär. Şe­ker­siz li­mo­nad ys­sy ho­wa­da iň go­wy içim­lik­le­riň bi­ri­dir.
Gar­pyz­ly li­mo­nad. Mi­we sy­ky­jy­syn­dan ge­çi­ri­len 2 sa­ny li­mo­na 1 na­har çem­çe­si bal hem-de is­le­ge gö­rä gar­pyz guýup, blen­der­den ge­çir­me­li. Taý­ýar bo­lan içim­li­gi süz­güç­den ge­çi­rip, üs­tü­ne 3-4 bul­gur so­wuk suw go­şup ga­ryş­dyr­ma­ly. A wi­ta­mi­niniň te­bi­gy çeş­me­si bo­lan gar­pyz göz üçin peý­da­ly bo­lup, im­mu­ni­te­ti güýç­len­dir­ýär.
Hy­ýar­ly aý­ran. To­mus pas­lyn­da iň lezzetli içim­lik­le­riň bi­ri hem hy­ýar­ly aý­ran­dyr. 2 sa­ny hy­ýa­ry ow­nuk dog­ra­ma­ly ýa-da blen­der­den ge­çir­me­li. Üs­tü­ne aý­ran guýup, is­le­ge gö­rä gök önüm­ler­dir, reý­han ýa-da nar­pyz bi­len bi­le­lik­de içip bi­ler­si­ňiz. Baş­ga bir usul­da aý­ran däl-de, ga­tyk go­şup hem taý­ýar­lap bi­ler­si­ňiz. Hy­ýar­ly aý­ra­ny na­ha­ryň ýa­ny bi­len hem iç­mek müm­kin. 96 gö­te­ri­mi suw­dan yba­rat bolan hy­ýar C wi­ta­mi­ne we an­ti­ok­si­dant­la­ra baý gök önüm­dir. Hy­ýar su­wuk­ly­ga bo­lan is­le­gi ka­na­gat­lan­dyr­mak bi­len bir ha­tar­da, im­mu­ni­te­ti güýç­len­dir­ýär.
Dal­çyn­ly gök çaý. Gök çaý to­mus pas­lyn­da iň köp içil­ýän içim­lik­le­riň bi­ri­dir. Gök çaý dem­le­nen­de oňa dal­çyn ta­ýa­jyk­la­ry­ny hem go­şup bi­ler­si­ňiz. Dal­çyn­ly gök ça­ýy gyz­gyn­ly­gy­na däl-de, so­wan­dan soň iç­se­ňiz has lez­zet­li bo­lar. Dal­çyn gan ba­sy­şy­ny ka­da­ly sak­la­ma­ga, şeý­le hem ýo­kanç­lyk­la­ra we bak­te­ri­ýa­la­ra gar­şy gö­reş­mä­ge kö­mek ed­ýär.
So­wuk ko­fe. Dem­le­nen ko­fe­ni buz gu­tu­la­ry­na gu­ýup, so­wa­dy­jy­da doň­dur­ma­ly. Soň­ra süýt bi­len ko­fe­li buz bö­le­jik­le­ri­ni ga­ryş­dyr­ma­ly. Is­le­ge gö­rä bu so­wuk içim­li­ge dal­çyn hem go­şup bi­ler­si­ňiz. Bu içimlik ko­fe sö­ýü­ji­le­riň iň ha­la­ýan içimlik­le­ri­niň bi­ri­dir.