Bilşimiz ýaly, BMG-niň ylym, bilim we medeniýet boýunça guramasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna häzirki wagta çenli «Nusaý», «Gadymy Merw», «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanalary girizildi. Indi bolsa, türkmen topragynyň täsin künjekleri bolan Sünt-Hasardagy, rowaýatlaryň hem şemalyň mekany hasaplanýan Bathyzy, gadymy dinozawrlaryň yzy tapylan Köýtendag goraghanasyny, Garagum sährasyny hem-de beýleki täsin tebigatly ýerleri oňa goşmak baradaky teklipler taýýarlanylyp, işlenip düzüldi.
«Köýtendag» döwlet goraghanasy Köýtendagyň, Magdanly pes daşlygynyň hem-de olaryň daş-töweregindäki ýerleriň ösümlikdir haýwanat dünýäsini gorap saklamak, tebigaty goramagyň ylmy esaslaryny işläp düzmek, şonuň ýaly-da Tebigaty Goramagyň Halkara Birleşiginiň «Gyzyl kitabyna» girizilen burma şahly dag tekesini goramak maksady bilen 1986-njy ýylyň 11-nji iýulynda döredildi. Ýurdumyzyň gündogarynda, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýän goraghananyň meýdany 27 müň 139 gektara deň bolup, relýefi daglykdyr. Türkmenistanyň iň beýik nokady şu ýerde ýerleşip, onuň beýikligi 3137,7 metrdir. Köýtendagda ýylda ortaça 402 millimetr möçberinde ygal düşüp, deňiz derejesinden 2000-3000 metr belentlikdedir. Köýtendagyň ösümlik dünýäsine baýdygy hem-de köpdürlüdigi hem megerem şunuň bilen bagly bolsa gerek. Bu ýerde ösümlikleriň 857 görnüşi bolup, olaryň 10 göterimi dünýäde örän seýrek duş gelýär. Häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamynda hem-de halk tebipçiliginde ulanylýan ösümlikleriň 130-dan gowrak görnüşi şu ýerde duş gelýär. Köýtendagyň 30 müň gektar ýerini arça tokaýlygy tutýar. Dagyň ýokarky hem-de merkezi böleginiň 11 müň gektary häzirki wagtda goraghana degişlidir. Goraghananyň düzümine aýratyn çäkli goraghanalaryň 3-si girýär, olar: Garlyk, Hojaýpil, Hojaburjy goraghanalarydyr. Köýtendagyň haýwanat dünýäsi örän baý bolup süýdemdirijileriň 40-a golaý, guşlaryň 100-den gowrak, süýrenijileriň 25, ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 20, şol sanda diňe gündizki kebelekleriň 60-dan gowrak görnüşi ýaşaýar. Köýtendag etrabynyň Bazardepe obasyndaky Tebigat muzeýi barada hem aýdyp geçmek ýerlikli bolsa gerek. Onuň döredilenine onçakly köp wagt geçmedik hem bolsa, bu ýer myhmanlaryň, syýahatçylaryň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi.
Köýtendagyň iň gözel ýerleriniň biri hem Köýten obasy bolup, dürli agaçlar, çynarlar, Köýten köli onuň görküne görk goşýar. Obadaky Hojaismet guýusy deňiz derejesinden 2,5 kilometr beýiklikde bolup, onuň suwunyň hemişe gaýnap çykyp durmagy örän geňdir. Ol suw hiç ýere akyp hem gitmeýär, daş-töweregini hem basmaýar. Kyrkgyz deresi hem ýurdumyzyň iň täsin ýerleriniň biridir. Deräniň gaýalarynyň belentligi 200-300 metrden, ini bolsa 15-20 metrden geçip, onuň gümmeziniň beýikligi 80 metre ýetýär.
Köýtendag gözellikleri görenleri özüne bendi edýär. Ýurdumyzda bolsa şeýle gözel künjekler örän kändir. Olara aýawly çemeleşmek bolsa, her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Çeper Jumaýewa,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň işgärler bölüminiň hünärmeni.