2024-2025-nji okuw ýyly hem tamamlanyp barýar. Ýene-de birnäçe günden tomusky dynç alyş möwsümi başlanýar. Göräýmäge täze okuw ýylyna köp wagt bar ýaly. Emma tomusky dynç alyş derrew geçýär. Ata-babalarymyz wagty tygşytly ulanmagy ündäpdirler. Şol sebäpli tomusky dynç alşy meýilnamalar esasynda gyzykly we peýdaly geçirmeli.
Dynç almak. Okuw möwsümi tamamlanandan soň, mekdep okuwçylarynyň köpüsi çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerine gidýärler. Siz hem ýurdumyzyň deňiz kenarlarynda, dag eteklerinde we sähralyklarynda ýerleşýän şeýle merkezlere gidip dynç alyp bilersiňiz. Çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga, täze zatlary öwrenmäge, esasan hem, täze dostlar tutunmaga uly mümkinçilik döreýär.
Gezelenç etmek. Dünýägaraýşyňyzyň giňemeginde gezelenç etmegiň ähmiýeti örän uludyr. Bu babatda ýaşaýan ýa-da myhmançylyga baran ýeriňiziň golaýyndaky taryhy ýadygärliklere we muzeýlere gezelenç edip bilersiňiz. Mundan başga-da, maşgala agzalaryňyz bilen bilelikde paýtagtymyza we ýurdumyzyň beýleki şäherlerine gezelenç edip, wagtyňyzy gyzykly geçirip bilersiňiz. Taryhy ýerlere we muzeýlere baranyňyzda, ol ýer barada has giňişleýin maglumat öwrenmegi ýadyňyzdan çykarmaň!
Döredijilik bilen meşgullanmak. El we akyl güýji bilen ýerine ýetirilýän işlere güýmenmek, döredijilik bilen meşgullanmak hem tomusky dynç alyşda edilmeli işleriň biridir. Mysal üçin, hekaýa okamagy ýa-da goşgy ýat tutmagy halaýan bolsaňyz, hekaýa ýa-da goşgy ýazmaga synanyşyp görüň! Şeýle hem senetçilik bilen meşgullanmagy halaýanlaryňyz bar bolsa, jigileriňiz üçin oýnawaçdyr oturgyç hem ýasap bilersiňiz.
Çeper eser okamak. Mekdep kitaphanasyndan ýa-da beýleki kitaphanalardan özüňiz üçin gyzykly kitaplary alyň! Şeýle hem okuw esbaplary satylýan dükanlardan özüňiz üçin kitap alyp bilersiňiz. Kitabyň sahabynyň iç ýüzüne alan wagtyňyzy bellik etseňiz, ulalanyňyzda haçan nähili kitap alanyňyzy bilmegiňizi üçin peýdaly bolar. Agşamlaryna kitap okamak siziň täze sözleri öwrenmegiňize, dil baýlygyny artdyrmagyňyza ýardam eder. Şeýle hem okan çeper eserleriňizdir hekaýalaryňyzy maşgala agzalaryňyza gürrüň bermek hem ýatkeşligiňiziň ösmegine itergi berer.
Dil we okuw merkezlerine gatnamak. Tomusky dynç alyş möwsüminde özüňiziň gyzyklanýan ugruňyzdan – dil öwrenmek, kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmak, surat çekmek, senetçilik önümlerini ýasamak ýaly ugurlardan dil merkezlerine gatnap bilersiňiz. Dil merkezlerine gatnamak – belli bir ugurdan kämilleşmek siziň geljekde hünär saýlamagyňyza ýardam eder. Şeýle hem özüňize ýakyn bolan sport görnüşine has kämilleşmek üçin sport mekdeplerine gatnap bilersiňiz.
Sport bilen meşgullanmak. Dynç alyş möwsüminde sport bilen meşgullanmaga has köp üns bermeli. Mysal üçin, ýüzmegi halaýan ýa-da öwrenmek isleýän bolsaňyz, ýörite suw-sport desgalaryna gatnap bilersiňiz. Mundan başga-da, futbol, karate, woleýbol, basketbol ýaly sportuň beýleki görnüşleri bilen hem meşgullanmak üçin sport meýdançalaryndan we desgalaryndan peýdalanyp bilersiňiz.
Öý işlerine kömek etmek. Maşgala agzalaryňyza, dogan-garyndaşlaryňyza kömek etmek, olar bilen has köp wagt geçirmek tomusky meýilnamada ýerine ýetirilmeli işleriň biridir. Ataňyz, eneňiz, babaňyz, mamaňyz we beýleki garyndaşlaryňyz isle golaýda ýaşaýan bolsun, isle-de uzakda gezelenje gitseňiz, hem olary begendirersiňiz, hem özüňiz begenersiňiz. Ýaşulularyň gürrüň berjek ýatlamalary sizde ýakymly duýgulary döreder. Şeýle hem olardan milli däp-dessurlarymyza, gymmatlyklarymyza degişli zatlary öwrenersiňiz.