Angliýanyň Premier Ligasynyň güýçli klublaryndan Tottenham topary tälimçisi Nuno Espirito Santony düýn wezipesinden boşadypdy. Bu gün bolsa London şäheriniň kluby tomusda-da, düýnki günde-de ady agzalan italiýaly tälimçi Antonio Konte bilen şertnama baglaşylandygyny resmi ýagdaýda habar berdi. Şeýlelikde, Konteniň Londondaky 2-nji başdangeçirmesi başlap, Tottenham topary tejribeli tälimçi bilen 1,5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Tälimçilik eden toparlarynda 3 ýyldan köp işlemeýän 52 ýaşyndaky Konte 2011-14-nji ýyllarda Ýuwentusa, ondan soň 2016-njy ýyla çenli Italiýanyň ýygyndysyna, 2016-2018-nji ýyllarda Çelsä tälim beren Konte geçen möwsümde-de Interi çempion edip, maliýe babatda düşünişmezlik sebäpli işini taşlapdy. Konte täze klubunda ozal Ýuwentusda bile işleşen Fabiko Paratiçi bilen işleşer. Paratiçi häzirki wagtda Tottenhamyň sport direktory wezipesini ýerine ýetirýär.