Dünýä Ralli çempionatynda (WRC) möwsümiň 9-njy ýaryşy Finlýandiýada geçirildi. Ýurduň Ýuýwýaskýulýa şäherinde geçirilen 307,22 kilometrlik 20 tapgyrly ýaryşda ýer eýesi, “Toyota Gazoo” toparynyň fin piloty Kalle Rowanpera ýeňiji boldy. Ol ýaryşy 2 sagat 21 minut 51,4 sekuntda tamamlap, möwsümdäki 2-nji, karýerasyndaky 17-nji ýeňşini gazandy. Ýaryşda ýeňijiniň topardaşy, ýaponiýaly sürüji Takamoto Katsuta 2-nji orny eýeledi. Ol ýeňijiden 39,2 sekunt yza galdy. “Toyota Gazoo” toparynyň fransuz sürüjisi Sebastien Ožie ýeňiş gazanan topardaşyndan 45,1 sekunt gijä galyp, 3-nji orna mynasyp boldy.

“Toyota Gazoo” toparynyň çempionlyga dalaş edýän sürüjilerinden britaniýaly Elfin Ewansyň 4-nji bolan ýaryşynda toparyň başga bir piloty Sami Pajari 5-nji ýeri eýeledi. Bu ýaryşa çenli sanawyň lideri bolan estoniýaly Ott Tanak (“Hyundai Shell Mobis”) bäsleşigi 10-njy orunda tamamlady.

Geçirilen 9-njy bäsleşikden soň sanawyň lideri üýtgäp, Elfin Ewans birinjilige gaýdyp geldi. Onuň 176 utugy bar. Ondan 3 utugy az Kalle Rowanpera 2-nji orna beýgeldi. 163 utukly Sebastien Ožie bilen Ott Tanak 3-4-nji ýerleri paýlaşýarlar.

Möwsümiň 10-njy ýaryşy 28-31-nji awgust aralygynda Paragwaýda geçiriler.