Dünýä Ralli çempionatynda möwsümiň 13-nji ýaryşy Ýaponiýanyň Toýota şäherinde geçirildi. 20 tapgyrdan ybarat 305,34 kilometrlik ýaryşda “Toyota Gazoo” toparynyň sürüjileri ýeňiş münberiň 3 ornuny hem eýelemegi başardy. Ýaryşy 3 sagat 21 minut 8,9 sekunt tamamlan fransiýaly Sebastian Ožie (“Toyota Gazoo”) ýeňiji boldy. Bu onuň şu möwsümdäki 6-njy, karýerasy boýunça-da 67-nji ýeňşidir. Ýeňijiden 11,6 sekunt yza galan “Toyota Gazoo” toparynyň britan piloty Elfin Ewans 2-nji, toparyň fin sürüjisi Sami Paýari bolsa 3-nji orny eýeledi. Çempionlyk üçin göreş alyp barýan finlýandiýaly Kalle Rowanpera 6-njy ýer bilen oňňut etmeli boldy.
Çempion Jidda şäherinde belli bolar
Şunlukda, Dünýä Ralli çempionatynyň 53-nji möwsüminiň tamamlanmagyna 1 ýaryş galanda, Elfin Ewans 272 utuk bilen sanawyň başyny çekip gelýär. Ondan 3 utugy az Sebastien Ožie 2-nji ýerde barýar. Çempion bolmak mümkinçiligi azalyp, garşydaşlarynyň görkezjek netijesine bagly bolan Rowanpera 248 utuk bilen 3-nji ýerde barýar. Çempiony kesgitlejek möwsümiň iň soňky, 14-nji ýaryşy 26–29-njy noýabrda Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde geçiriler.
PDF









