ABŞ-nyň öňki Prezidenti Donald Tramp, Aýdaho ştatynda geçirilen Respublikan praýmerizlerinde (deslapky saýlawlar) sesleriň 85 göterimi bilen ynamly ýeňiş gazandy. Onuň bäsdeşi, ABŞ-nyň BMG-däki öňki hemişelik wekili Nikki Heýli bolsa, 13,5 göterim ses bilen yza galdy.
2-nji martda Amerikanyň üç ştatynda – Missuri, Miçigan we Aýdaho ştatlarynda deslaply saýlawlar tamamlandy. Maglumatlara görä, Tramp Missuri ştatynda 100 göterim, Miçigan ştatynda bolsa, 98 göterim ses aldy.
Beýleki ştatlarda geçirilen praýmerizleriň netijelerini göz öňünde tutup, Tramp eýýäm öňde boljak partiýa gurultaýynda 244 delegatyň goldawyna eýe boldy, Heýli bolsa 24 sese bil baglaýar. Partiýa tarapyndan prezidentligine dalaşgär hökmünde saýlanmak üçin, gurultaýyň azyndan 1215 wekiliniň goldawy zerurdyr.
Respublikaçylaryň saýlaw senenamasyndaky möhüm saýlawlar 5-nji maýda guraljak “Super sişenbe” bolup, 16 ştatda geçiriler. Içerki partiýa saýlawlary iýun aýynda tamamlanar. Respublikan partiýanyň gurultaýy iýul aýynda geçirilip, onuň barşynda prezidentlige dalaşgär yglan ediler. Awgust aýynda bolsa, Demokratik partiýanyň gurultaýy geçiriler. ABŞ-da geçiriljek Prezident saýlawlary şu ýylyň 5-nji noýabrynda meýilleşdirilýär.