ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýurduň ýagdaýy barada Kongrese her ýylky ýüzlenmesi bilen çykyş etdi. Ol 1 sagat 50 minut dowam edip, taryhda Kongrese edilen iň dowamly ýüzlenme boldy. Bu barada “Associated Press” agentligi habar berýär. Tramp çykyşynyň bir bölegini nebit we gaz temasyna bagyşlady.
Ak tamyň Ýolbaşçysy ABŞ-da nebit çykarylyşynyň her günde 600 000 barrele çenli artandygyny mälim etdi. Onuň sözlerine görä, ABŞ ýakynda Wenesuéladan, takmynan, 80 million barrel nebit aldy. Tramp, şeýle hem, ýurtda tebigy gazyň çykarylyşynyň rekord derejä ýetendigini habar berdi.
Içerki ýagdaýlara geçmek bilen, ol ABŞ-nyň ykdysadyýetiniň örän gowy ýagdaýdadygyny, benziniň, dermanlaryň bahalarynyň we ipoteka göterimleriniň peselýändigini belledi. Ol nyrhlaryň ýokarlanmagynyň indi mesele däldigini aýtdy.
Tramp öz syýasaty saýasynda serhetleriň ygtybarly goralýandygyny we ABŞ-nyň dünýäde täzeden uly hormata eýe bolandygyny nygtady. Şeýle-de, Tramp Olimpiýa oýunlarynda altyn medal gazanan erkekleriň hokkeý komandasyna minnetdarlyk bildirdi.