ABŞ-nyň gaznasy Prezident Donald Trampyň şekili goýlan bir dollarlyk şaýylyklary zikgelemegi göz öňünde tutýar. Bu barada “Fox Business” teleýaýlymy habar berýär. Maglumatlara görä, bu ädim ABŞ-nyň döredilmeginiň 250 ýyllygyny bellemegiň çäklerinde meýilleşdirilýär. Şaýylykda Amerikanyň baýdagynyň saýasynda Tramp ýokary göterilen eli bilen şekillendiriler. Şeýle-de bolsa, Gaznanyň wekili gutarnykly dizaýnyň entek tassyklanmandygyny aýtdy.