ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çaga dogurmak arkaly awtomatik usulda raýatlyk almak maksady bilen amala aşyrylýan «doguş syýahatçylygy» tejribesini gadagan etmek baradaky Permana gol çekdi. Resminamada diplomatik we ykrar edilen halkara guramalaryň wekilleriniň çagalaryna dogluş boýunça raýatlyk bermegiň şertleri hem gaýtadan gözden geçirildi. Bu barada «The Hill» neşiriniň maglumatlaryna salgylanyp mälim edýär.

Prezident Tramp ýurtda dünýä inen daşary ýurtlularyň çagalaryna gönüden-göni raýatlyk bermek baradaky kanuny ýatyrmak üçin ozla hem synanyşypdy. Täze Resminama Ýokary suduň iýun aýynyň soňunda kabul eden karary bilen baglylykda emele geldi. Ýokary kazyýet 1868-nji ýylda kabul edilen ABŞ-nyň Konstitusiýasynyň 14-nji düzedişine salgylanyp, ýurtda doglan çagalara raýatlyk bermek hukugyny tassyklapdy we öňki çäklendiriji karary bikanun diýip yglan edipdi. Täze Kabul edilen Resminama arkaly diňe bir bikanun ýa-da gysga möhletli wizalar bilen gelenleriň däl, eýsem bellenen beýleki toparlaryň hem dogluş boýunça awtomatiki raýatlyk almak hukuklary çäklendirilýär. Emma täze resminamanyň ýatyrylmagy üçin hem kazyýeti ýüz tutulmagyna we ýatyrylmagyna garaşylýar.