Ama­zon to­kaý­la­ry di­ňe bir gür süm­me agaç­la­ry we syr­ly der­ýa­la­ry bi­len däl, eý­sem, tä­sin jan­dar­la­ry bi­len hem gö­ren­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. Daş­ky gör­nü­şi, reň­ki we özü­ni alyp bar­şy bi­len beý­le­ki jan­dar­la­ra meň­ze­me­ýän Ama­zon to­ka­ýy­nyň «ýer­li ýa­şaý­jy­la­ry» ba­ra­da­ky gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris.

Zä­her­li ma­wy gur­ba­ga. Ki­çi­jik­di­gi­ne ga­ra­maz­dan bu gur­ba­ga örän howp­ly ha­sap­lan­ýar. «Gök gur­ba­ga» hem di­ýil­ýän bu süý­re­ni­ji beý­le­ki jan­dar­lar­dan we daş­ky howp­lar­dan go­ran­mak üçin de­ri­sin­den tok­sin bö­lüp çy­kar­ýar. Bu gur­ba­ga­nyň ag­ra­my 8 gra­ma, uzyn­ly­gy 3-4,5 san­ti­met­re ýet­ýär. To­ka­ýyň çyg­ly ýer­le­rin­de we bat­ga­lyk­lar­da ýa­şa­ýan owa­dan gur­ba­ga­lar gün­di­zi­ne iş­jeň bol­ýar­lar. Zä­her­li ma­wy gur­ba­ga­lar mi­we ga­lyn­dy­la­ry, ow­nuk mör-mö­jek­ler we ga­ryn­ja­lar bi­len iý­mit­len­ýär­ler.
Pa­ýa­ra. Köp­çü­li­giň ara­syn­da «wag­şy ba­lyk» ady bi­len ta­nal­ýan paýara uzyn we ýi­ti diş­le­ri bi­len ün­si özü­ne çek­ýär. Ama­zon­ka­da­ky çalt ak­ýan süý­ji suw­lar­da ýa­şa­ýan wag­şy ba­ly­k to­ka­ýyň ök­de aw­çy­sy ha­sap­lan­ýar. Adat­ça bu ba­ly­gyň uzyn­ly­gy 89-100 san­ti­met­re, ag­ra­my 8,5-18 ki­log­ra­ma çenli ýet­ýär. Wag­şy ba­ly­gyň 2 sa­ny ga­ňyr­çak şe­kil­li ýi­ti di­şi awu­ny aň­sat­lyk bilen tut­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär.
Tu­kan. Ba­na­na meň­zeş uzyn çüň­ki bo­lan bu guş­lar Ama­zon to­kaý­la­ry­nyň ny­şa­ny ha­sap­lan­ýar. Adat­ça mi­we bi­len iý­mit­len­ýän tukanlar to­par bo­lup agaç­da ýa­şa­ýar­lar. Bo­ýy 39-63 san­ti­met­re, çüň­kü­niň uzyn­ly­gy 15-17 san­ti­met­re ýet­ýän bu guş­la­ryň kel­te­den güýç­li aýa­gy, gys­ga hem-de ýo­gyn boý­ny bar. Örän gys­ga ara­ly­ga uçup bil­ýän tu­kan­la­ryň ga­na­ty ki­çi­jik bo­lup, guý­ru­gy gys­ga bol­ýar.
Aý­na gur­ba­ga. Da­şyn­dan se­re­de­niň­de iç­ki be­den ag­za­la­ry gör­nüp du­ran bu gur­ba­ga «aý­na gur­ba­ga» ady bi­len ta­nal­ýar. Gi­je­si­ne awa çyk­ýan bu gur­ba­ga­lar ýu­murt­ga­la­ry­ny ýap­rak­la­ryň aşa­gyn­da giz­läp goý­ýar­lar. Gün­di­zi­ne gö­ze gö­rün­me­ýän bu gur­ba­ga­lar agaç­lar­da ýa­şa­ýar­lar. Ýa­şy­lym­tyl reňk­li aý­na gur­ba­ga­sy ýap­ra­gyň üs­tün­de ýa­tan­da onuň bar­dy­gy­ny saý­ga­ryp hem bol­ma­ýar.
Ama­zon del­fi­ni. Gül­gün reň­ki bi­len ta­pa­wut­lan­ýan Ama­zon del­fi­ni süý­ji suw­da ýa­şa­ýan tä­sin jan­dar­la­ryň bi­ri­dir. He­re­ket­le­ri we se­si bi­len köp­çü­li­giň ün­sü­ni özü­ne çek­ýän bu jan­dar­lar il­ki­baş­da ça­lym­tyl bo­lup, ýa­şy ulal­dy­gy­ça de­ri­si gül­gün reň­ke öw­rül­ýär. Gül­gün del­fin­ler, esa­san, ba­lyk­lar bi­len iý­mit­len­ýär­ler.
Gar­pi­ýa bür­gü­di. Ama­zon to­kaý­la­ry­nyň iň howp­ly guş­la­ry­nyň bi­ri bo­lan gar­pi­ýa bür­gü­di ugur­ta­py­jy­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Bür­gü­diň äpet bu gör­nü­şi ýy­lan­dyr ow­nuk süý­dem­di­ri­ji­ler­den baş­lap, hat­da maý­myn­la­ra çen­li aw­lap bil­ýär. Gar­pi­ýa bür­gü­di­niň ag­ra­my 13-20 ki­log­ra­ma, bo­ýy 85-107 san­ti­met­re, ga­na­ty­nyň giň­li­gi 175-225 san­ti­met­re çen­li ýet­ýär. Çalt uç­ýan bu guş­lar bür­gü­diň seý­rek duş gel­ýän gör­nü­şi ha­sap­lan­ýar.
Ýap­rak ga­ryn­ja­sy. Ki­çi­jik, ýö­ne işeň­ňir bu ga­ryn­ja­lar agaç­la­ryň ýap­rak­la­ry­ny ke­sip, hi­ni­ne da­şa­ýar­lar. Uly to­par bo­lup ýa­şa­ýan gy­zy­lym­tyl-sa­ry reňk­li bu ga­ryn­ja­lar kö­me­lek ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek üçin ýap­rak­la­ry ulan­ýar­lar. Bu ga­ryn­ja­la­ryň hi­ni­niň çuň­lu­gy 30 met­re, giň­li­gi 80 met­re çen­li ýaý­rap bil­ýär.
Ma­ta-ma­ta pyş­ba­ga­sy. Bu jan­da­ryň hem edil gu­ry ýer pyş­ba­ga­sy­na meň­zeş ça­nak­ly­gy bar. Uzyn bo­ýun­ly we ýy­la­na meň­zeş kel­le­si bo­lan bu süý­re­ni­ji da­şyn­dan gö­räý­mä­ge gu­ran ýap­ra­ga meň­ze­ýär. Ma­ta-ma­ta pyş­ba­ga­sy­ su­wuň ýü­zün­de ýap­ra­ga meň­zäp ýat­ýar we go­la­ýy­na ge­len ow­nuk ba­lyk­la­ry aw­la­ýar. Ma­ta-ma­ta dün­ýä­dä­ki iň owa­dan we tä­sin pyş­ba­ga­la­ryň bi­ri­dir. Ulu­ly­gy 45 san­ti­met­re, ag­ra­my 17 ki­log­ra­ma çen­li ýet­ýän bu pyş­ba­ga­ 40-75 ýy­la çen­li ýa­şa­ýar.