Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň on üç ýyllygy mynasybetli 17-18-nji martda türkmen hususy işewürliginiň gazananlarynyň sergisi geçiriler.

TSTB-niň 170 sany agzasy bu çärä gatnaşmaga isleg bildirdiler. Olaryň arasynda oba hojalygy, azyk gaýtadan işleýän, senagat önümçiligi, gurluşyk, gurluşyk materiallarynyň we elektroenjamlaryň önümçiligi, söwda, syýahat, bilim, IT-tehnologiýalary, hyzmatlar, ulag we logistika ulgamy we halk senetçiligi boýunça işleýän hususy kärhanalar hem-de hojalyk jemgyýetleri bardyr.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 2008-nji ýylda döredilip, häzirki wagtda onuň 25730 agzasy bar. On üç ýylyň dowamynda 2265 gowrak taslamany üstünlikli tamamladylar.