Türgenleriň iýmiti beýleki adamlaryňkydan düýpgöter tapawutlanýar. Birinjiden, sport, onda-da onuň agyr görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanýan adamlaryň bedenine uly agram düşýär. Ikinjiden, güýçli depginde alnyp barylýan türgenleşikleriň dowamynda bedende has köp energiýa sarp edilýär. Galyberse-de, ýaşaýyş üçin derwaýys maddalar: uglewodlar, beloklar, ýaglar, witaminler, makro-mikroelementler köp mukdarda harçlanylyp, olaryň öwezini dolmak zerur bolýar.
Eýsem, türgen uly agram salnandan soň bedenini dikeltmek, ony ýeterlik energiýa hem-de täze öýjükleri öndürmek üçin gerek bolan material bilen üpjün etmek üçin nähili iýmitlenmeli? Beden ýangyç hökmünde ilki uglewodlardyr beloklary we beýleki peýdaly maddalary, soň ýaglary sarp edýär. Peýdaly maddalaryň uly ýitgisine ýol bermezden ýaglaryň ýakylmagyny gazanyp bolýarmy? Elbetde, munuň üçin dogry iýmitlenmeli. Gündelik ulanýan iýmitiňde witaminleriň, mineral duzlaryň, uglewodlaryň, aýratyn hem beden üçin gurluşyk materialy bolup durýan beloklaryň ýeterlik bolmagyny gazanmaly. Beloklar diňe bir türgenleriň däl, eýsem, islendik bir adamyň iýmitiniň möhüm düzüm bölegi bolup, bedeniň ösmeginde, pugtalanmagynda, beden ulgamlarynyň öz funksiýasyny kadaly ýerine ýetirmeginde uly ähmiýete eýe bolup durýar:
Beloklar bedende bolup geçýän ähli biologiki hadysalary tizleşdirýän katalizator (himiki we biologiki hadysalary çaltlandyrýan ýa-da haýallaşdyrýan madda) bolup durýar.
Beden öýjüklerinde bolup geçýän energetiki alyş-çalyş hem-de madda çalşygy belok fermentleriniň işjeňligine bagly bolup durýar.
Beloklar gormonlaryň düzümine girýär we bedeniň ösüşine täsir edýär.
Proteinler dokumalary kislorod we iýmitlendiriji maddalar bilen üpjün edip, daşaýjynyň funksiýasyny ýerine ýetirýär.
Spesifiki belok molekulalary bolup durýan antitelolar bedeniň immun goraglylygyny üpjün edýär.
Türgenlere beloklaryň egsilmez çeşmesi hökmünde balygy, iň gowusy deňiz balygyny, eti, ýumurtgany, süýt önümlerini yzygiderli iýmek maslahat berilýär. Deňiz balyklarynda beloklardan başga ornuny tutup bolmaýan polidoýgun däl ýag kislotalary, ýumurtgada aminokislotalar, ýaglar we witaminler, süýt önümlerindäki belokda adam bedeninde işlenilip çykarylmaýan metionin belogy köpdür. Türgenler öz iýmitinde etiň ýagsyz görnüşlerini: guşuň, öý towşanynyň, göläniň etini ulanmalydyr. Olar öz iýmitini düzgünleşdirende bedene uly agram düşýändigi sebäpli uglewodlaryň köp mukdarda sarp edilýändigini hem göz öňünde tutmaly. Bedeniň uglewodlara bolan talaby çalt özleşýän ýönekeý uglewodlaryň däl-de, çylşyrymly uglewodlaryň hasabyna kanagatlandyrylmalydyr. Çylşyrymly uglewodlar goňur tüwüde, bugdaýda, çogdary unundan bişirilen çörekde, miwelerde, gök önümlerde, çalt özleşýän ýönekeý uglewodlar bolsa limonadda, ak gantdyr şekerde, tortda, şokoladda we beýleki süýji tagamly önümlerde saklanýar. Şekeriň deregine bal iýmeli. Sebäbi balda uglewodlardan başga witaminlerdir makro-mikroelementleriň köp görnüşi saklanýar. Iň gowusy, şekeri iýmitiňden hemişelik aýyrmaly. Naharlara we işdäaçarlara peýdaly maddalara baý deňiz duzuny goşmaly. Gowrulyp bişirilen ýagly naharlar, ýiti tagamly önümler, kömelek, alkogolly içgiler, ýarym taýýar (polufabrikat) we fast-fud (tiz tagam) önümler, ýogurtlar, külkeden taýýarlanan miwe we gök önüm şireleri uly agram salynýan bedeni dikeltmäge, gurplandyrmaga kömek etmeýär, tersine zyýanly täsirini ýetirip bilýär.
Türgenleriň energetiki gymmatlykly iýmitiniň 30%-i uglewodlardan, 60%-i beloklardan, 10%-i ýaglardan ybarat bolmalydyr. Bedeni witaminler, makro-mikroelementler bilen ýeterlik derejede üpjün etmek üçin diňe bir bu maddalara baý önümleri däl, eýsem, witamin-mineral toplumlaryny hem ulanmaly. Olary sport lukmanynyň maslahaty bilen kabul etmeli. Witaminler bedeniň fiziologiki ýagdaýyna, ösüşine, maddalaryň alyş-çalşyna güýçli täsir edýär.
Mineral duzlar hem, edil ýaglar, beloklar, uglewodlar, suw, witaminler ýaly wajyp bolup, bedende bolup geçýän ýaşaýyş üçin derwaýys hadysalara gatnaşýar. Olar:
Ganda we dokumalarda bolup geçýän ähli himiki-biologiki hadysalary işjeňleşdirýär.
Ganyň we dokuma suwuklygynyň basyşynyň kadaly ýagdaýda saklanmagyny üpjün edýär.
Turşulyk-aşgarlylyk deňeçerliginiň (balans) üpjün edilmegine ýardam edýär.
Iýmitiň siňmegini tizleşdirýär.
Ödüň bölünip çykmagyna itergi berýär.
Türgenleriň iýmiti olaryň jynsyna, ýaşyna, bedeniniň fiziologiki aýratynlyklaryna, sportuň haýsy görnüşi bilen meşgullanýandygyna laýyklykda düzgünleşdirilýär. Muňa garamazdan, olaryň hemmesiniň iýmitinde beloklaryň, uglewodlaryň, ýaglaryň, mineral duzlaryň, witaminleriň ýeterlik bolmagyny gazanmak hökmandyr. Sebäbi diňe bir sportuň agyr görnüşleri däl, eýsem, ýeňil görnüşleri boýunça türgenleşikleriň, ýaryşlaryň geçirilýän wagtynda hem ýürek-damar, iýmit siňdiriş, dem alyş ulgamlary ýokary depginde işleýär. Beden ýüregiň işini, iýmit siňdirişi, dem alşy goldamak üçin örän köp energiýa sarp etmeli bolýar. Iýmitiňde ýaşaýyş üçin derwaýys maddalar ýeterlik bolmasa, energetiki deňagramlylyk bozulyp, beden gowşaýar, gurpdan gaçýar.
Umumylaşdyrylyp aýdylanda, türgeniň iýmit düzgüni ählitaraplaýyn göz öňünde tutulyp, işlenilip düzülmelidir.
Myrat Muhammedow,
Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň kelle-boýun çiş keseller bölüminiň müdiri.