Ýew­ro­pa­nyň we Azi­ýa­nyň çat­ry­gyn­da ýer­leş­ýän Tür­ki­ýe te­bi­gy tä­sin­lik­le­re we sy­ýa­hat­çy­lyk mer­kez­le­ri­ne baý ýurt­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Pa­muk­ka­le, An­tal­ýa, Ke­mer, Bod­rum, Mar­ma­ris, Efes, Stam­bul ýur­duň iň owa­dan ýer­le­ri bo­lup, şo­la­ryň ara­syn­da Ka­pa­do­ki­ýa köp­çü­li­giň ün­sü­ni has-da özü­ne çek­ýär. 1985-nji ýyl­da ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len Ka­pa­do­ki­ýa Gö­re­me jül­ge­si bi­len meş­hur­dyr. Sy­ýa­hat­çy­la­ryň iň ge­lim-gi­dim­li ýer­le­ri­niň bi­ri bo­lan bu jül­gä­niň tut­ýan meý­da­ny 99 ine­dör­dül ki­lo­met­re ba­ra­bar. Tür­ki­ýä­niň ro­man­tik jül­ge­si ak peý­za­žy, go­wak şä­he­ri, dik ga­ýa­la­ry we ho­wa şar­la­ry bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.
De­pe­si täç­li gy­zyl dag ga­ýa­la­ry (Pe­ri bacalar) bi­len meş­hur­lyk ga­za­nan Ka­pa­do­ki­ýa Ýer ýü­zün­dä­ki iň owa­dan jül­ge­le­riň bi­ri­dir. Alym­la­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä, owa­dan ga­ýa­lar wul­ka­nyň atyl­ma­gy, ýag­nyň we ýe­liň tä­si­ri ne­ti­je­sin­de, müň­ler­çe ýy­lyň do­wa­myn­da eme­le ge­lip­dir. Ka­pa­do­ki­ýa pars di­lin­dä­ki «kat­pak­tuk­ýa» sö­zün­den ge­lip çy­kyp, «owa­dan at­la­ryň ýur­dy» diý­me­gi aň­lad­ýar. Tak­my­nan, 1200-nji ýyl­lar­da bu ýer­de kä­bir taý­pa­lar ga­ýa­la­ryň içi­ni oýup, jaý ýa­sap baş­la­ýar­lar. Ga­py­sy, pen­ji­re­le­ri we bas­gan­çak­la­ry bo­lan go­wa­ga meň­zeş bu jaý­lar çe­per ese­re meň­ze­ýär. Ka­pa­do­ki­ýa­da sy­ýa­hat­çy­lar üçin ka­şaň go­wak myh­man­ha­na­la­ry hem bar. Özü­ne çe­ki­ji bu se­bit­de möw­süm­le­ýin şar fes­ti­wal­la­ry hem-de kä­bir da­ba­ra­lar ge­çi­ril­ýär.