25-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, welaýatlarda gowaça ekişi dowam edýär, gögeriş alnan meýdanlarda ilkinji hatarara bejergi işleri alnyp barylýar. Şeýle hem bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Ýurdumyzda ýeralmanyň, gök we bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak maksady bilen, ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär.
Hasabatyň dowamynda wise-premýer Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreleri bellenen meýilnama laýyklykda, ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Nygtalyşy ýaly, bu baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzda möhüm ähmiýetli çäreler, bäsleşikler, sergiler we beýleki dabaralar geçirilýär. Şeýle hem baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde 25-nji aprelde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly XVII halkara ylmy maslahaty, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigini, 26-njy aprelde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açyk manežinde “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryny, 27-nji aprelde bolsa Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklaryny geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp baryldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, welaýatlardaky gowaça ekişini berk gözegçilikde saklamagyň, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini talabalaýyk geçirmegiň, Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde paýtagtymyzda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, medeni-durmuş maksatly binalaryň daş-töwereginde, seýilgählerde, bag ekilen ýerlerde abadanlaşdyryş, dürli görnüşli bezeg güllerini ekmek işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere paýtagtymyzda baýramçylyk çäreleri bilen bagly bezeg işlerini geçirmegi, abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.