Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si döw­rüň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de döw­let­ler­dir hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy hö­wes­len­dir­mä­ge oňyn tä­sir ed­ýän şert hök­mün­de çy­kyş ed­ýär. Şeý­le hem ol köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­lyk esa­syn­da BMG-niň we­zi­pe­le­ri­niň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne ýar­dam ber­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.
Türk­me­nis­tan üçin iki se­ne – Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy we BMG-niň esas­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň 80 ýyl­ly­gy aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 2025-nji ýy­lyň «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» diý­lip yg­lan edil­me­gi pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty­my­zyň dün­ýä de­re­je­sin­de uly gol­da­wa my­na­syp bol­ýan­dy­gy­ny no­bat­da­ky ge­zek su­but et­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň mas­la­hat­la­ryn­dan ugur alyp, şu ýy­lyň do­wa­myn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­me­li mil­li we hal­ka­ra äh­mi­ýet­li iş­le­riň Kon­sep­si­ýa­sy­nyň ka­bul edil­me­gi aý­ra­tyn ma­na eýe bo­lup, mu­nuň özi döw­le­ti­mi­ziň pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry­ny has-da iler­let­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir.
Hä­zir­ki wag­ta çen­li ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň birnäçe Ka­rar­na­ma­sy ka­bul edil­di. Di­ňe 2024-nji ýyl­da ýur­du­my­zyň tek­li­bi bo­ýun­ça 4 sa­ny Ka­rar­na­ma, ýag­ny «2025-nji ýyl – Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly», «Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň oýun­la­ry», «Mer­ke­zi Azi­ýa – pa­ra­hat­çy­lyk, yna­nyş­mak we hyz­mat­daş­lyk zo­la­gy», «Mer­ke­zi Azi­ýa­da ýad­ro ýa­ra­gyn­dan azat zo­lak ha­kyn­da­ky Şert­na­ma» at­ly res­mi­na­ma­lar ka­bul edil­di. Se­bit we äh­lu­mu­my de­re­je­de pa­ra­hat­çy­ly­gy gol­da­ma­ga gö­nük­di­ri­len bu Ka­rar­na­ma­la­ryň ka­bul edil­me­gi döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň çuň­ňur oý­la­ny­şyk­ly da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­nyň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär.
«Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän ýy­ly­myz­da amal edil­jek be­ýik iş­ler, oňyn öz­gert­me­ler tä­ze ösüş­le­re ýol aç­mak bi­len bir­lik­de, ýur­du­my­zyň hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de öňe sür­ýän umu­ma­dam­zat bäh­bit­li baş­lan­gyç­la­ry­nyň giň­den wa­gyz edil­me­gin­de, dost­luk, oňyn hyz­mat­daş­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik ýö­rel­ge­le­ri­niň iler­le­dil­me­gin­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lup, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň Ýer ýü­zün­dä­ki ab­raý-mer­te­be­si­ni has-da be­len­de gö­te­rer.

Kü­müş Baý­ra­mo­wa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.