Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň netijesinde, ýurdumyz halkara gatnaşyklar ulgamynda täze sepgitlere ýetýär. Sebitiň syýasy, ykdysady we medeni giňişligine işjeň goşulýan hem-de özüniň döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirýän ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge we işjeňleşdirmäge mynasyp goşant goşup, hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýär.
Bilşimiz ýaly, türkmen halky parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolupdyr. Hemişelik Bitaraplygymyzyň düýp özenini düzýän bu ýörelgeler täze taryhy döwrümizde has-da rowaçlanyp, güneşli Diýarymyz dost-doganlygyň mekanyna, parahatçylyk dörediji merkeze öwrüldi. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul eden Kararnamalary bilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy iki gezek ykrar edilen ýeke-täk döwlet hasaplanýar. Hemişelik Bitarap ýurdumyz bu gün dünýäniň abraýly guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň geňeşleriniň, komitetleriniň we komissiýalarynyň birnäçesiniň agzasy bolmak bilen, olaryň çäklerinde degişli işleri amala aşyrýar. Ata Watanymyz häzirki döwrüň möhüm meseleleri we wezipeleri boýunça oňyn çözgütleri işläp taýýarlamakda anyk başlangyçlary öňe sürmek bilen, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin BMG-niň strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýar.
Milli Liderimiziň başlangyçlary bilen, 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy, 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde biragyzdan kabul edilen Kararnama bilen her ýylyň 12-nji dekabrynyň «Halkara Bitaraplyk güni» hökmünde yglan edilmegi, 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, «2023-nji ýyl – Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýaly taryhy wakalar biri-biriniň üstüni ýetirip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde bolsa hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine üçünji müňýyllykda parahatçylyk taglymatynyň çuňlaşmagyna oňyn täsir edýär. Şeýle hem şu ýylyň 27-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda döwletimiz tarapyndan öňe sürlen başlangyçlarda ýurdumyzyň gün tertibindäki dört ugry, ýagny parahatçylyk we howpsuzlyk; durnukly ösüş; howanyň üýtgemegi; ynsanperwer meseleler boýunça ugurlary goldamak barada karara gelnendigi nygtaldy.
Dünýä ýurtlary bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen, 1992-nji ýylda «Açyk gapylar» syýasatyny yglan eden ýurdumyz häzirki wagta çenli Ýer ýüzünde parahatçylygy berkitmekde alnyp barylýan işlerde mynasyp orun eýeleýär. Ata Watanymyz bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň agzasy, esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. 2020-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary topary döredildi. Bu topar BMG-ä agza döwletlere sebit we halkara derejede hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça oňyn pikir alyşmaga mümkinçilik döredýär. Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylda Aşgabatda geçirilen bu toparyň ýokary derejedäki duşuşygynyň Jemleýji Jarnamasy 2023-nji ýylyň martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde çap edildi. 2022-nji ýylyň iýulynda bolsa ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji plenar mejlisinde «Merkezi Aziýa – parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama kabul edildi. Bu Kararnama ýurdumyzyň ählumumy bähbide gönükdirilen parahatçylykly ýörelgeleriniň nobatdaky ykrarnamasyna öwrüldi.
Daşary syýasatda oňyn Bitaraplygyň ýol-ýörelgelerine eýerýän Türkmenistan döwletimiziň öňe sürýän umumadamzat bähbitli başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Eziz Watanymyzyň halkara abraýy täze belentliklere çykýar. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakdaky, özara bähbitli hyzmatdaşlygy we halklaryň arasyndaky dost-doganlygy ösdürmekdäki tagallalarynyň uly goldaw tapýandygyny äşgär edýär.
Hydyr ABAKOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Medeniýet we metbugat boýunça uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany.