Türkmen Bitaraplygy – parahatçylygyň nyşany

89

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň netijesinde, ýurdumyz halkara gatnaşyklar ulgamynda täze sepgitlere ýetýär. Sebitiň syýasy, ykdysady we medeni giňişligine işjeň goşulýan hem-de özüniň döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirýän ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge we işjeňleşdirmäge mynasyp goşant goşup, hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýär.

Bil­şi­miz ýa­ly, türk­men hal­ky pa­ra­hat­çy­lyk we yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly bo­lup­dyr. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň düýp öze­ni­ni düz­ýän bu ýö­rel­ge­ler tä­ze ta­ry­hy döw­rü­miz­de has-da ro­waç­la­nyp, gü­neş­li Di­ýa­ry­myz dost-do­gan­ly­gyň me­ka­ny­na, pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji mer­ke­ze öw­rül­di. Türk­me­nis­tan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da we 2015-nji ýy­lyň 3-nji iýu­nyn­da ka­bul eden Ka­rar­na­ma­la­ry bi­len he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy iki ge­zek yk­rar edi­len ýe­ke-täk döw­let ha­sap­lan­ýar. He­mi­şe­lik Bitarap ýur­du­myz bu gün dün­ýä­niň ab­raý­ly gu­ra­ma­sy bo­lan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ge­ňeş­le­ri­niň, ko­mi­tet­le­ri­niň we ko­mis­si­ýa­la­ry­nyň bir­nä­çe­si­niň ag­za­sy bol­mak bi­len, ola­ryň çäk­le­rin­de de­giş­li iş­le­ri ama­la aşyr­ýar. Ata Wa­ta­ny­myz hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm me­se­le­le­ri we we­zi­pe­le­ri bo­ýun­ça oňyn çöz­güt­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak­da anyk baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­mek bi­len, 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin BMG-niň stra­te­gi­ýa­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne uly go­şant goş­ýar.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gyç­la­ry bi­len, 2007-nji ýy­lyň 10-njy de­kab­ryn­da Aş­ga­bat­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň açyl­ma­gy, 2017-nji ýy­lyň 2-nji few­ra­lyn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 71-nji mej­li­sin­de bi­ra­gyz­dan ka­bul edi­len Ka­rar­na­ma bi­len her ýy­lyň 12-nji de­kab­ry­nyň «Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni» hök­mün­de yg­lan edil­me­gi, 2021-nji ýy­lyň «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» diý­lip yg­lan edil­me­gi, «2023-nji ýyl – Pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li hök­mün­de dia­lo­gyň hal­ka­ra ýy­ly» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­me­gi ýa­ly ta­ry­hy wa­ka­lar bi­ri-bi­ri­niň üs­tü­ni ýe­ti­rip, BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­sy­nyň 63-nji ple­nar mej­li­sin­de bol­sa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len «2025-nji ýyl – Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi pa­ra­hat­çy­ly­gyň, howp­suz­ly­gyň, dur­nuk­ly ösü­şiň bäh­bi­di­ne üçün­ji müň­ýyl­lyk­da pa­ra­hat­çy­lyk tag­ly­ma­ty­nyň çuň­laş­ma­gy­na oňyn tä­sir ed­ýär. Şeý­le hem şu ýy­lyň 27-nji sent­ýab­ryn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 79-njy ses­si­ýa­syn­da döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan öňe sür­len baş­lan­gyç­lar­da ýur­du­my­zyň gün ter­ti­bin­dä­ki dört ug­ry, ýag­ny pa­ra­hat­çy­lyk we howp­suz­lyk; dur­nuk­ly ösüş; ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi; yn­san­per­wer me­se­le­ler bo­ýun­ça ugur­la­ry gol­da­mak ba­ra­da ka­ra­ra gel­nen­di­gi nyg­tal­dy.

Dün­ýä ýurt­la­ry bi­len dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak mak­sa­dy bi­len, 1992-nji ýyl­da «Açyk ga­py­lar» sy­ýa­sa­ty­ny yg­lan eden ýur­du­myz hä­zir­ki wag­ta çen­li Ýer ýü­zün­de pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­kit­mek­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler­de my­na­syp orun eýe­le­ýär. Ata Wa­ta­ny­myz bu ugur­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň iş­jeň ag­za­sy, esa­sy hyz­mat­daş­la­ry­nyň bi­ri­dir. 2020-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da pa­ra­hat­çy­ly­gyň, howp­suz­ly­gyň we dur­nuk­ly ösü­şiň bäh­bi­di­ne Bitaraplygyň dost­la­ry to­pa­ry dö­re­dil­di. Bu to­par BMG-ä ag­za döw­let­le­re se­bit we hal­ka­ra de­re­je­de hyz­mat­daş­ly­gyň dür­li ugur­la­ry bo­ýun­ça oňyn pi­kir alyş­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, 2022-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len bu to­pa­ryň ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şy­gy­nyň Jem­leý­ji Jar­na­ma­sy 2023-nji ýy­lyň mar­tyn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 77-nji ses­si­ýa­sy­nyň res­mi­na­ma­sy hök­mün­de çap edil­di. 2022-nji ýy­lyň iýu­lyn­da bol­sa ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 76-njy ses­si­ýa­sy­nyň 97-nji ple­nar mej­li­sin­de «Mer­ke­zi Azi­ýa – pa­ra­hat­çy­lyk, yna­nyş­mak we hyz­mat­daş­lyk zo­la­gy» at­ly Ka­rar­na­ma ka­bul edil­di. Bu Ka­rar­na­ma ýur­du­my­zyň äh­lu­mu­my bäh­bi­de gö­nük­di­ri­len pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýö­rel­ge­le­ri­niň no­bat­da­ky yk­rar­na­ma­sy­na öw­rül­di.

Da­şa­ry sy­ýa­sat­da oňyn Bi­ta­rap­ly­gyň ýol-ýö­rel­ge­le­ri­ne eýer­ýän Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň öňe sür­ýän umu­ma­dam­zat bäh­bit­li baş­lan­gyç­la­ry dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Eziz Wa­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy tä­ze be­lent­lik­le­re çyk­ýar. Mu­nuň özi Ga­raş­syz, hemişelik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň Ýer ýü­zün­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­da­ky, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy we halk­la­ryň ara­syn­da­ky dost-do­gan­ly­gy ös­dür­mek­dä­ki ta­gal­la­la­ry­nyň uly gol­daw tap­ýan­dy­gy­ny äş­gär ed­ýär.

Hy­dyr ABA­KOW,

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Medeniýet we metbugat boýunça uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany.